Watan goragçylarynyň gününe
27.01.2023
Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda zähmet üstünlikleriniň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Gözel Diýarymyzda ykdysady ösüşleriň bady ýylsaýyn artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde binalardyr ähli amatlykly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi. 4 gatly 40 öýli, şeýle hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýynda 20 sany iki otagly, şonça-da üç otagly öýler bolup, binanyň ýanaşyk ýerinde çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr. Ähli amatlyklary bolan bu döwrebap bina Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda bina edildi. Ony Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň “Marydemirbetonönümleri” kärhanasynyň işlerine yhlasly zähmetsöýer gurluşykçylary gurup, ulanmaga berdiler.
Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda ulanylmaga berlen täze jaýyň açylyş dabarasy alyslara aşdy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze ymaratyň öňünde aýdymçy-sazandalaryň şirin owazy ajap eýýamymyzyň buýsanjy bolup ýaňlandy. Bu şatlykly waka üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň guwançly sepgitlere beslenjekdiginiň buşlukçysy boldy.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: täze jaýyň açylyş dabarasyndan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.