Taryhy maslahatdan soňky oýlanmalar
27.01.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günleriniň taryhy wakalary guwanç duýgusyny döredýär. Täze ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoly rowaçlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.
Golaýda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty üstümizdäki ýylyň möhüm wakasy boldy. Bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çuň manyly çykyşy oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Giň wekilçilikli bu maslahatda oňa gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunlary kabul edildi. Has takygyny aýtsak, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanuna laýyklykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion Kanuna laýyklykda bolsa, milli parlamentiň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen konstitusion kanunçylyk biragyzdan kabul edildi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Konstitusion Kanun il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.