Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

17.02.2021

Şu günler «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak we ir ýüze çykarmak» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ylmy-amaly maslahatlardyr wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Ýakynda Mary şäher iç keselleri hassahanasynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda geçirilen ylmy-amaly maslahat hem ýokarda ady agzalan biraýlyga bagyşlanyldy. Maslahata welaýat saglygy goraýyş ulgamynyň akuşer-ginekologlary, göbegeneleri, maşgala lukmanlarydyr şepagat uýalary gatnaşdylar.
Biraýlygyň çäklerinde geçirilen bu ylmy-amaly maslahatda welaýat onkologiýa hassahanasynyň baş lukmany Kerimberdi Aýdogdyýewiň, şu hassahananyň şöhle bilen bejeriş we anyklaýyş bölüminiň radiolog lukmany Ogulnäzik Saparowanyň hem-de maslahat beriş bölüminiň lukmany Bahar Aşyrowanyň çykyşlary diňlenildi.
Maslahatda çykyş edenler howply täze döremelere garşy göreşde ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler, ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerine eltýän hatarly sebäpler dogrusynda gürrüň berdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda ynsan saglygy hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýan hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdyldy.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: ylmy-amaly maslahatdan pursatlar.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.