Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil - kuwwatly Watan

20.01.2023

Ýaş nesle bilim hem terbiýe bermek üçin bilim edaralarynda giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň edepli bolmagy, zehininiň ýüze çykmagy babatynda irginsiz alada edilýär. Munuň şeýle bolmagynda terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Iş tejribesi ýetik bolup, körpelere bilim hem terbiýe berýän terbiýeçileriň biri-de Baýramaly şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülaýym Gurbangeldiýewadyr.

Gülaýym mugallym öz işine jür bolup, ol zähmet ýoluna ýaňy başlan ýaş terbiýeçilere-de halypalyk edip, olara görelde bolýar. Halypa terbiýeçi häzirki wagtda mekdebe taýýarlaýyş toparynda işläp, çagalar bagyna gatnaýan körpelere nakyllardyr atalar sözlerini, goşgudyr aýdymlary, ertekileri öwredýär. Olaryň zehinini ýüze çykarmakda jan aýaman işleýär. Gülaýym mugallym çagalar bakja-bagynyň müdiri Nabat Aşyrowanyň ýakyndan ýardam bermeginde şäherde, etrapda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolýar.

SURATDA: halypa terbiýeçi Gülaýym Gurbangeldiýewa çagalar bilen.
Surata düşüren Çary NURMYRADOW.