Zähmet adamsynyň waspy
13.01.2023
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän eziz ýurdumyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.
“Işleseň il tanar” diýlişi ýaly, bereketli toprakdan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almagy başarýan işjanly ýer eýesi, ezber kärendeçi Kakabally Orazmyradowy diňe bir Wekilbazar etrabynda däl, eýsem, welaýatymyzyň çäklerinde tanamaýan az bolsa gerek. Ol ýigrimi ýyl gowrak wagt bäri etrabyň Türkmenistan geňeşliginiň çäginden kärendesine alan 32 gektar ýerinden ak bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny almak bilen abraý gazanýar. Geçen — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da öndürijilikli işläp, meýilnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen amal etmegiň hötdesinden geldi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli zähmeti, önümçilikdäki ýokary görkezijileri üçin ussat kärendeçi geçen ýyl Hasyl toýunyň dabaraly bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — “Watana bolan söýgüsi üçin” medala mynasyp boldy. Golaýda bu janypkeş daýhan bilen duşuşyp, alyp barýan işleri barada söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Könelerimiziň “Bir gysym zeriň bolandan, bir garyş ýeriň bolsun” diýenlerine eýerip, kärendesine alan ýerimizde maşgala agzalarymyz bilen yhlasymyzy, ukybymyzy gaýgyrman ene topraga hyzmat edýäris. Ýurt baştutanymyz — Arkadagly Serdarymyz zähmetkeş halk üçin, oba daýhanlarynyň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin uly alada edýär. Öndürilen oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň senagat taýdan gaýtadan işlenilip, alynýan künjaranyň, kepegiň, şugundyr lötüniň belli bir böleginiň zähmetkeş daýhanyň özüne gaýtarylyp berilmegi baradaky karary biz daýhanlarda ruhubelentlik döretdi. Daýhanlara şeýle ýeňillikleri döredip, has-da hyjuwly işlemäge şert döredýän hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.
Biz hem edermen daýhan Kakabally Orazmyradowyň agzybir maşgalasyna öndürijilikli işlerinde uly üstünlikler, halal zähmetiň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny arzuw edýäris.
Şamyrat AMADOW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: kärendeçi daýhan Kakabally Orazmyradow ekin meýdanynda.
Surata düşüren awtor.