Welaýat häkimliginde
13.01.2023
Öňňin welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — milliligiň we döwrebaplygyň utgaşýan mekany” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahat Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararlarynyň kabul edilmegine bagyşlanyldy. Maslahata Mary welaýatynyň häkimi, welaýat häkiminiň orunbasarlary, etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş etdi. Ol 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda”, şeýle hem “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda” kararlary kabul edendigini aýdyp, hoşallyk ýygnagyna gatnaşyjylary we welaýatymyzyň ähli ilatyny bu taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düýbi tutulupdy we onuň gurluşygyna badalga berlipdi. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen mukaddes taryhy topragynda örän gysga döwrüň içinde ajaýyp şäher bina edildi. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde kemala gelen bu täze, döwrebap şäher ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna täze, ajaýyp sahypa bolup ýazylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy tutuş ýurdumyzyň halky bilen birlikde biziň welaýatymyzyň ilatyny-da diýseň buýsandyrdy, guwandyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik, şähergurluşyk babatynda alyp barýan bimöçber işlerine halkymyzyň mynasyp baha berýändiginiň, Arkadagymyzyň köptaraply ylahy zehinine belent sarpa goýýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepalydygyny ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.
Welaýatyň häkimi döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni kuwwatyny artdyrmak we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmak hem-de merdana halkymyzyň abadan durmuşda eşretli ýaşamagyny üpjün etmek barada edýän tagallalary, bimöçber aladalary üçin Mary welaýatynyň agzybir halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdi hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňümizde goýan wezipelerini, giň möçberli Maksatnamalaryny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.
Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Allaberdi Çaryýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa we beýlekiler çykyş edip, öz halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşallyk maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar welaýatyň ähli ilatynyň adyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: hoşallyk maslahatyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.