Bag - durmuşyň bezegi
06.01.2023
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly ýolbaşçylygynda gözel Diýarymyzyň her güni rowaçlyklara, üstünliklere beslenýär. Halk hojalygynyň her bir pudagynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda hem oňyn özgertmeler durmuşa geçirilip, üstünligiň belent sepgitlerine ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ýerini tutjak gök-bakja we miwe önümleriniň bol hasyly ýetişdirilip, ilata hödürlenýär.
Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň ýaşaýjysy Kakanazar Gurbanowyň öz şahsy hojalygynda döwrebap gurnalan ýyladyşhanasynda ösdürip ýetişdirýän tropiki ekinlerden alýan miweleriniň hasyly öwgä mynasypdyr. Biziň toprak-howa şertlerimizde ösdürilip ýetişdirilmesi kyn bolan miweli tropiki ösümlikleri ekip, bol hasyl almak ýaly hysyrdyly işiň hötdesinden gelmegi başarýan bu ussat bagban bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk, onuň hojalygyna baranymyzda, ýakyn kömekçileri bolan ogly Batyr we agtygy Ahmet bilen ýyladyşhanada ekinleriň ideg işlerine gümra ekeni. Ol bizi ýyladyşhana aýlap, her gülüň daragtyň deňinde saklap, joşgunly gürrüň berdi: — Meniň asyl kärim nakgaşçylyk işi bolup, işimiň daşyndan gülçülik we bagbançylyk bilen gyzyklanýaryn. Iş sapary, syýahat bilen daşary ýurtlara gidemde şol ýerlerde bitýän ekinlere gyzykýardym. “Adam edenini adam eder” diýdim-de, synanyşyp bir göreýin diýip “Waşington palmasy” atly palmanyň we dürli görnüşli gülleriň tohumlaryny alyp gelip, öz ýerimde ekdim. Yhlasymy, gujur--gaýratymy bir ýere jemläp, oglum Batyry ýanyma alyp, bu işe çynymyz bilen girişdik. Olary ösdürmegiň, idetmegiň usullaryny we tärlerini öwrendim. Soň dürli edebiýatlardan we gollanmalardan peýdalanyp, tejribämi artdyrdym. Miweli daragtlar hasyl berip başlady. Işimiz ugrukdy gidiberdi. Ondan bäri ýigrimi ýyl gowrak wagt geçipdir.
Ýyladyşhanamyzda, açyk meýdanda we güldanlarda gülleriň, aloeniň we kaktusyň dürli görnüşlerini, şefflera we benjamin gyrymsy, monstera agaçlarynyň, şeýle hem bananyň, limonyň, papaýýanyň nahallaryny ýetişdirip, elýeter bahadan alyjylara hödürleýäris. Papaýýa agajy şahasyz, dik ösýän, juda ýogyn bolmadyk ýumşak sütünli palma görnüşli daragt. Çür depesinde uzynlygy bir metre çenli bolan ýapraklary bolup, agajyň sütüniniň töwereginde gawuna meňzeş miweler düzüm-düzüm bolup ýerleşýärler. Oňa başgaça gawun agajy ýa-da çörek agajy hem diýilýär. Ýylyň dowamynda gülläp, miwe getirip durýar. Jemi 25--30 kilograma çenli hasyl berýär. Papaýýanyň miwesi tagamy boýunça biziň zamça gawunymyzy ýada salýar.
Miwesiniň möçberi 25-30 santimetr ululykda, agramy 3-4 kilograma çenli bolup, gawun görnüşli süýnmegräk şekili bar. Şu hem onuň gawun agajy diýlip atlandyrylmagynyň sebäbidir. Ol miwesi gabygyny we içindäki çigitlerini aýryp, çigligine iýilýär. Ony maýdajyk dograp, gowrup iýseň hem tagamy biçeme däl. Gowrulýan pursadynda ondan täze bişen çöregiňkä çalymdaş ýakymly ys ýaýraýar.
Miwesiniň sary reňki onuň düzüminde köp mukdarda karotiniň bardygyny görkezýär. Şeýle hem bu miwe sink, demir, fosfor, magniý, kaliý, kalsiý ýaly mineral maddalara we A, B, D, S witaminlere baý. Bu bolsa miwäniň has ýokumlydygyny we adam üçin juda peýdalydygyny aňladýar. Düzüminde kletçatkanyň we papain fermentiniň köp bolmagy adamyň aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine, bedeniň immunitetiniň berkemegine oňaýly täsiri edýär. Gülleýän döwri gülleriniň burk urýan ysy bar. Jana lezzet, ömre şypa, juda hoştap bu ys müşki-anbar yslaryna gaýra dur diýýär.
— Ýanýoldaşym Orazbibi, gelnimiz Dilber hem agtygym Aýnäzik edýän işlerine yhlasly ýapyşyp, işiň inçe tilsimlerini, gizlin syrlaryny ele alýarlar. Ýakyn geljekde limonyň we papaýýanyň düýp sanyny köpeltmegi meýilleşdirýäris. Şeýle-de, mango, ananas we kiwi ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarys. Häzir şol miweleri ýetişdirmegiň agrotehnikasy we inçe syrlary bilen gyzyklanyp ýörün. Erjelligiňi we yhlasyňy gaýgyrmasaň, bu datly miweleri ýetişdirmegiň şeýle bir kynçylygy ýok — diýip, tejribeli bagban Kakanazar aga gürrüň berýär.
Biz hem hormatly käriň eýesi, ussat bagban Kakanazar Gurbanowa alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny we işini dowam etdirjek mynasyp şägirtleri ýetişdirmegi arzuw edýäris.
Muhammetjuma HYDYROW.
SURATLARDA: tejribeli bagban
Kakanazar Gurbanowyň ýyladyşhanasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren awtor.