Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
23.12.2022
Arkadagly Serdarymyzyň eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin edýän aladalarynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylyp, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda hem ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär. Janaýamazakly zähmet çekýän “ak altyn” ussatlary, ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirýän janypkeş gallaçylar, gök-bakja we miwe önümleriniň bolçulygyny döretmäge özleriniň mynasyp goşandyny goşup gelýän edermen kärendeçi daýhanlardyr ýer eýeleri Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem depginlerini birjik-de gowşatman, öndürijilikli zähmet çekýärler.
Ussat kärendeçi daýhanlaryň biri-de Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy, gujur-gaýratly ýaşuly Orazgeldi Berdiýewdir. Ol 1989-njy ýyldan bäri kärende usulynda zähmet çekip, topraga hyzmat etmek bilen, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Orazgeldi aga öz maşgala agzalary bilen 18 gektar ýerinden pagtanyň we bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyryp gelýär. Önümçiligi ekin dolanyşygy esasynda ýöretmek bilen, bu zähmetsöýer daýhan özüne ynanylan kärende ýeriniň 10 gektaryna gowaça, 8 gektaryna bugdaý ekip, her gektaryň hasyllylygyny 35-40 sentnere ýetirmegi başarýar. Ol ekiniň, ýeriň, suwuň tabyna gowy düşünýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýýän ganatly sözlerinden ruhlanyp zähmet çekýän janypkeş daýhan ýaşuly gök öwsüp oturan bugdaý maýsalaryna guwanç bilen garaýar. Nesip bolsa ol öz maşgala agzalary bilen göz öňünde tutulan meýilnamany artygy bilen amal etjekdigini uly ynam bilen aýdýar. Ene toprak bilen bagry badaşan, öz edýän işinden ruhy lezzet alýan daýhan ýaş nesillere göreldelik nusgadyr. Halypa-şägirtlik ýoluny ýöretmek bilen, zähmet we durmuş tejribesi ýetik il sylagly ýaşuly Orazgeldi aga durmuş sapaklaryny almak üçin ýa-da daýhançylyk ugrundan maslahat sorap ýüz tutup gelýänlere degerli maslahatlaryny berip durýar.
Biz hem edermen kärendeçi daýhana alyp barýan işleriniň rowaçlanmagyny, üstünlikleriň belent sepgitlerine ýetmegini arzuw edýäris.
Muhammetjuma HYDYROW.
SURATDA: kärendeçi daýhan Orazgeldi Berdiýew.