Täze ýylyň bosagasynda
23.12.2022
Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda il-günümiz tamamlanmagyna sanlyja gün galan Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzy ýokary zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýar. Garaşsyz döwletimiziň milli ykdysadyýetimizde we beýleki ulgamlarda gowy netijeler gazanylyp, Täze ýyl baýramyna zähmet sowgatly barýan il-günümiz abadan geljegine uly ynam, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň tapawutly tarapy bu sene golaý geldigiçe sowgatly mesele aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatly garşylamaga taýýarlanýan türkmen halky Täze ýyl baýramynyň bereketli saçagynyň bezelmegine-de uly ähmiýet berýär. Asylly däbine eýerýän ildeşlerimiz Täze ýylyň baýramçylyk saçagynda naz-nygmatlaryň bolçulygy ugrunda aladalanýar. Halkymyzyň şu toý aladasynyň aňsat bolmagy ugrunda tagalla edýän söwda işgärleridir hususy eýeçilikdäki dükanlaryň satyjylary bu meseläniň oňyn çözgüdini üpjün edýärler. Indi Täze ýyl baýramy golaý geldigiçe welaýatymyzyň bazarlarynda we dürli söwda nokatlarynda şüweleňli söwdanyň şowhuny artýar. Baýramçylygyň öň ýanyndaky şeýle şowhunly söwdany synlanyňda Täze ýyl baýramynyň bereket-bolçulyga, şatlyk-şowhuna beslenjekdigi guwanjyňy goşalandyrýar.
B. MERGENOW.