Ýaş nesil hakyndaky alada
17.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, ösen, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mugallymlar hem okuwçylaryň her bir geçilýän sapaklary doly özleşdirmegi üçin ähli tagallalary edýärler.
Kärine berlen, tejribeli mugallymlaryň biri hem Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Bahar Gulmyradowadyr. Ol kiçi ýaşly okuwçylara sapak bermek bilen, olaryň aňynda Watana, ene-ata, tebigata bolan söýgini ösdürmäge çalyşýar. Bahar mugallym şeýle gürrüň berýär:
— «Mugallym» diýen söze mynasyp bolmak adam üçin belent mertebedir. Şol belentlige mynasyp bolmak üçin mugallym jany-teni bilen zähmet çekmeli bolýar. Her bir çaganyň bir zada ukyby, zehini bolýar. Biz, mugallymlar hem mekdepde okuwçynyň näme ukybynyň, höwesiniň bardygyny bilmäge çalyşýarys. Her bir geçýän sapagymyzda görkezme esbaplaryny ulanýarys. Okuwça temany suratlar arkaly düşündirseň, ol ony aňynda çalt hem gowy saklaýar. Mundan başga-da, sapagy sada, okuwça ýeňil sözler bilen düşündirýäris.
Her ýyl birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler berilýär. Munuň özi hem okuwçylaryň kompýuter tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyna ýardam edýär.
Biz hem hormatly kesbiň eýesi kemally Bahar Gulmyradowa okuwçylara bilim bermekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýäris.
D. Orazgeldiýewa.
SURATDA: Bahar mugallym sapak wagtynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.