Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilim - ösüşiň binýady

14.12.2022

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýäde iň bir abraýly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmelerdir ösüşler bilim ulgamynda hem toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda amala aşyrylýar. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, umumylaşdyryp aýdanymyzda, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin gerekli şertleriň ählisi döredilendir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bolşy ýaly, umumy bilim berýän orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman maglumat tehnologiýalary mugallyma okuw işini döwrebap derejede guramaga we ony maglumat gorlary esasynda baýlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Ählimiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna başlangyç bilim döwründe ähli okuwçylaryň kompýuter üpjünçiligini gazanmak üçin mekdebe barýan körpe nesillerimiziň ählisine kompýuterler sowgat berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, başlangyç synp mugallymlarynyň usuly çeşmelerini-de baýlaşdyrýar.

Ýaşlar baradaky edilýän aladalaryň bimöçberdigine biz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Bu gurultaýa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň ähli ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlamagy, şeýle-de, gurultaýa gatnaşmagynyň özi hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini subut etdi. Gurultaýda ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmegiň zerurlygy baradaky meselelere garalyp geçildi.

Şu ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza bolan saparynda ýaşlar bilen duşuşmagy, ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny açyk, aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň döwlet Energetika institutyna gelip, talyp ýaşlar we professor-mugallymlar bilen duşuşyp, okuw sapagyny geçirip, bu ýerde taryhy çykyş etmegi ýaşlar üçin örän ähmiýetli boldy. Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň senagatyny batly depginler bilen ilerletmäge tarap ugur alyp, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň depginlerini artdyrmagy hem-de hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary boýunça ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleri ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda ýaş ykdysatçylary, hasapçylary, hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen öňdebaryjy, ýokary netijeli önümçilikleri döretmäge, senagatyň ähli görnüşlerini özleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ösüş maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Has takygy, “Ylmy edaralar hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Elektron resminama hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu kanunlar bilen birlikde bu ugurda birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Ýaşlaryň ylymly-bilimli, beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde bimöçber aladalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

Atageldi KAKABAÝEW.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory.