Türkmeniň keşdeçilik sungaty
13.12.2022
Döwür ösýär, ýaşaýyş özgerýär. Ajaýyp zamanamyzda biziň bagtyýar ilimiz abadan hem rahat durmuşda ýaşaýar. Milliligimiz täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylyp, bagtyýar durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ata-babalarymyzdan nusga bolup, asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň el işleridir keşdelerini bütin dünýä tanaýar. Özüniň gözelligi, nepisligi bilen täze öwüşginler çaýylyp, ýaşlaryň söýgüsini gazanyp bilýän milli lybaslarymyz türkmen toýlarynyň, baýramlarynyň bezegi bolup durýar. Şol ajaýyp lybaslara döwrebap bezeg berýän eli hünärli zenanlarymyza guwanýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren gyzyl kürtesi we ören gülli joraby diňe bir türkmen halkynyň däl, daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň el işleri döwlet muzeýinde saklanmak bilen, muzeýe baran her bir ynsanda zähmete söýgi döredýär. Şeýle nepis we sünnälenip edilen bu sungatyň özüne çekiji taryhy bar. Külli türkmeniň käbesi Ogulabat eje bize görelde we nusga bolup durýar.
Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar biziň milli medeni mirasymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyryp, milli sungatymyzyň dünýä derejesinde ähmiýetiniň bimöçber uludygyny subut etdi
Biziň milliligimizi dünýä çykarýan, zenanlaryň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Oguljeren MUHUKOWA.
Türkmengala etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, TZB-niň işjeň agzasy.