Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
13.12.2022
Şu günler oba zähmetkeşleri bugdaýly meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyk ideg işlerini, gögeriş suwuny tutmaklygy pagta ýygymy bilen utgaşykly alyp barýarlar. Şeýle zähmetkeş daýhanlaryň biri-de Agamyrat Aşşyýewdir. Ol Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň çäginde döredilen oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan 99 ýyl möhleti bilen oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin berlen ýere örän oňat eýeçilik edýär. Telekeçi A. Aşşyýew Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda 12 gektar bugdaý meýdanyndan şertnamaýalýyn borçnama boýunça 28 tonna derek, 40 tonna 400 kilogram, pagtanyň 10 gektaryndan 43 tonnadan geçirip hasyl aldy.
“Daýhandan hereket — ýerden bereket” diýlişi ýaly, bu günler A. Aşşyýew galan pagta hasylyny ýygnap almak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar. Agamyrat Aşşyýew telekeçi ýoldaşlary Rowaç Bekmyradow, Sahyberdi Döwranow, Annamyrat Rozyýew bilen maslahatlaşyp işleýär hem-de olara halypa maslahatlaryny berýär. Oňa ogly Begli suw tutmak, ekinlere ideg etmek işlerinde ýakyndan goldaw berýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny özgertmek, ösdürmek babatda bimöçber alada edýän, önüm öndürmekde zähmet çekýän kärendeçilere kömek-goldawlar berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
G. BÄŞIMOWA.
SURATDA: telekeçi Agamyrat Aşşyýew ýygnan pagtasyny tabşyrýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.