Bitarap biz — bagtly biz
12.12.2022
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeledi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri boldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri eziz Diýarymyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Şan-şöhraty artyp, at-owazasy dabaralanýan ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda watansöýüjilik, rowaçlyk, abadançylyk ýörelgelerine esaslanylyp amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň netijesinde agzybir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynda özge ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy we ösdürmegi hemişe ileri tutýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz aladasy esasynda Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalanýar. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösdürilmegindäki belent başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde hem-de durmuşa ornaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň beýik ösüşleri belent sepgitleri nazarlaýan hormatly Prezidentimiziň tutanýerli başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Halkyň, bütin adamzadyň bähbidinden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin, Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsun!
Güljan SAPAROWA.
“Maru — şahu jahan”.