Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we "Maru-şahu jahan" welaýat gazetiniň redaksiýasynyň döredijilik bäsleşigine

02.12.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda halkymyzyň medeni baýlyklarynyň gadymy nusgalaryny halkyň arasyndan ýygnamak, ylmy seljerme geçirmek hem-de baýlaşdyrmak ugrunda möhüm medeni maksatnamalar amala aşyrylýar. Aýratyn hem türkmen halkynyň medeni baýlygynyň esasyny düzýän gymmatlyklaryň möhüm bölegini emele getiren we durmuşyň ähli basgançaklarynda diýen ýaly öz beýanyny tapan, milli mirasymyz köpasyrlyk durmuş tejribeleriniň netijesinde dörändir.

Dürli taryhçy alymlaryň baha bermegine görä geçmişde, şu toprakda emele gelen medeniýetleriň taryhy ençeme müňýyllyklara uzalyp gidýär. Ýitip giden medeniýetleriň galyndylaryna ähli ýerde, dag eteklerinde, gurap giden derýalaryň ugrunda, gowaklarda hem duşmak bolýar. Adam zähmetiniň yzlary, zähmet gurallary, durmuş esbaplary we daşdan, keramikadan, demirden, şol sanda bürünçden, kümüşden, altyndan ýasalan gymmatlyklar hakyky sungat eserleri görnüşinde saklanyp galypdyr.

Türkmeniň amaly-haşam sungaty hem dünýä medeniýetine özüniň uly goşandyny goşdy. Muňa mysal edip, gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan türkmen halkynyň nepis halylaryny we haly önümlerini, zergärleriň elinden çykýan, sünnälenip kümüşden ýasalan owadan şaý-seplerini görkezmek bolar. Türkmen halylary türkmen halkynyň taryhyny, ýaşaýyş durmuşyny, gözel tebigatyny, hal-ýagdaýyny açyp görkezýän uly çyragdyr.

Nagyşçylyk, bezegçilik gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, türkmen halkynyň nepis halylaryna, egin-eşiklerindäki nagyşlaryna, zergär önümleriň nagyşlaryna siňipdir. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Sungat» atly goşgusynda:

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz — özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli. —

— diýip belleýşi ýaly, türkmen zenanlary hemişe gözelligiň gözleginde. Ynsan göwni gözellige aşyk, çünki, ol owadan zatlaryň deňinden hiç wagt biparh geçip bilmeýär.

Gazuw-barlag işlerinde Ural daglarynyň töwereklerinde türkmen halysynyň bölekleriniň tapylmagy taryhy öwrenýän her bir adamy gyzyklandyrsa gerek. Türkmeniň halyçylyk sungatynda, arhitekturasynda, zergärçiliginde biri-biriniň üstüni dolýan, dowam edýän ajaýyp sazlaşyk bar. Gazuw--agtaryş işleri geçirilende gadymy harabaçylyklardan tapylan dürli keramiki önümleriň ýüzünde gabat gelýän nagyşlarda nakgaşlaryň jaýlara salan nagyşlarynda, şaý-seplerinde gadymy haly nusgalarynyň gölleri bilen meňzeşlik bar. Alymlar şeýle ajaýyp tapyndylara Hindistanda, Hytaýda, Amerikada, Siriýada, Maňgyşlakda, Ural sebitlerinde gabat gelipdirler.

XII asyr Italýan syýahatçysy Marko Polo türkmen halysynyň ajaýyplygy barada maglumatlary galdyryp gidipdir. Ol türkmen ülkesinde gözi bilen gören zatlary hakynda şeýle ýazýar: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, başga-da dürli reňklerde köp görnüşli oňat matalar dokalýar». Baryp Marko Polonyň döwründe şeýle derejä ýeten türkmeniň halyçylyk hazynasy egsilmezdir. Türkmen halysyny beýan etmäge bir ömür ýetmez. Haly gölleri okap bilene köp zatlary gürrüň berýär. Onda türkmeniň ruhuny, şahyranalygyny, sähraýylygyny, danalygyny, mertligini, jepakeşligini, zähmetsöýerligini görmek bolýar.

Türkmen zenanlarynyň bezegi bolan şaý-sepleriň dürli görnüşleri bolupdyr. Olaryň arasynda zenan maşgalalar, gyzlar, çagalar üçin niýetlenen şaý-sepler bolup, olar türkmen gelin-gyzlarynyň başlaryny, ellerini, uzyn saçlaryny, gursaklaryny bezäpdir. Türkmenler ahalteke atlaryny hem kümüş şaý-sepleri bilen bezäpdirler. Atlar üçin ýörite alagaýyş şaý-sepleri ýasalypdyr. Türkmen zergärleri şaý-sep ýasamak üçin dürli kesellerden goraýan kümüş metaly saýlap alyp, ýüzüni dürli hakyk, pöwrize daşlary bilen bezäpdirler. Gülýaka, bilezik, egme, gupba, tumar, heýkel ýaly dürli zenan şaý-sepleri owadanlygy, ajaýyplygy bilen dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Nusgawy şahyrymyz Keminäniň:

Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähim etmez akly gysgalar,
Gadymdan galan nusgalar,
Hünärli goluň derdinden. —

— diýip taryp eden zenanlary häzirki wagtda hem el hünäriniň nepisligi bilen göreni haýran edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmäge we täzeden dikeltmäge giň ýol açyldy. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandy barada «Türkmen medeniýeti», “Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýän birnäçe ajaýyp eserlerini halkymyza peşgeş berdi. Bu ajaýyp eserler ýaş nesillere baý geçmiş taryhymyzy çuňňur öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmaga we ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak medeni çyragymyzdyr!

Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýleriniň orny örän uludyr. Sebäbi ol ýerde geçmiş taryhymyzy, şu günki we geljekki ösüşlerimizi wagyz edýän gymmatly hazynalar saklanylyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Şeýle gymmatlyklaryň mynasyp derejede öwrenilmegi, wagyz edilmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Nartäç HOJANEPESOWA.
Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.