Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

02.12.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň azyk bolçulygy barha artdyrylýar. Şeýle ilerlemelere Baýramaly etrabynyň Oraz Atajanowyň ýolbaşçylyk edýän “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri-de öz goşantlaryny goşýarlar. Olar döwlete galla tabşyrmakda ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolýarlar.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň häzirki günlerinde daýhan birleşiginiň 370-e golaý kärendeçileri 660 gektardaky ak ekine agrotehnikanyň görkezmeleri boýunça göwnejaý ideg edýärler. Ekine suw tutmak, ony ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini kemsiz berjaý edýärler. Şeýle işlerde döwrebap tehnikalaryň, olaryň zähmet gurallarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Göreniňde ruhuňy belende göterýän bugdaýa hyzmat etmekde hünärmen Berdi Muhammedowyň peýdaly maslahatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ol ekine görnüşleri boýunça näderejede hyzmat etmelidigini daýhanlara maslahat berýär.

Daýhan birleşiginde her gektardan ýokary sentnerden bugdaý almagy başarýan ýer eýeleriniň sany barha artýar. Olardan Nurmyrat Seýidow, Döwlet Abdyýew, Abdylla Nyýazow, Ýagmyr Hudaýkulyýew ýaly öňdebaryjylary görkezmek bolar.

***

“Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen özara şertnama baglaşan kärendeçi daýhanlar ýylyň aralyk ekini bolan gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Şu günler bolsa datly önümi öz wagtynda ýitgisiz ýygnamak işi barha gyzgalaňly alnyp barylýar. Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginden ýer eýesi Döwlet Ýalkabow hem bir gektar meýdanda gant şugundyryny ýetişdirdi. Bitginli, ep-esli göwrümi topragyň üstünde görnüp duran gant şugundyrlary çekilen päk zähmetiň ýerine düşendigini mälim edýär. Kärendeçi daýhan üçin hasyly ýygnamagyň pursaty geldi. Ol nesip bolsa, bir gektar ýerinden 30 tonna gant şugundyryny zawoda tabşyryp biljekdigini çaklaýar.

Elbetde, hormatly Prezidentimiziň obahojalykçylara uly-uly goldawlary edýän döwründe hiç bir işiň müşgili ýok. Şonuň üçinem milli Liderimiziň adyna egsilmez alkyş sözleri aýdylýar.

Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATLARDA: bugdaýly meýdanyndan; ekin ýerinden pursatlar.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.