Oba hojalygy: ösüşleriň aýdyň ýoly
24.11.2022
Ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileri Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Olar topraga alyn derini saçyp, kemala getirilen pagta hasylyny isripsiz ýygnap almagy maksat edinýärler. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýer eýeleri uly ynam bilen beren sözlerinde tapylmak üçin yhlas edýärler. Ýolöten etrabynyň “ak altyn” ussatlary hem pagta ýygymynda uly güýç bilen zähmet çekýärler. Iş sapary bilen etrap häkimligine baranymyzda öňdebaryjy Atçapar adyndaky daýhan birleşigine baryp, ýer eýeleriniň işleri bilen tanyşmaklygy maslahat berdiler.
“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýleni. Atçapar adyndaky daýhan birleşigine alty ýyl bäri guramaçy ýolbaşçy Rozmyrat Rozyýew ýolbaşçylyk edýär. Ýolbaşçynyň guramaçydygyny biz daýhan birleşigine baranymyzda doly göz ýetirdik. Biz Rozmyrat bilen daýhan birleşiginiň 7-nji toparynyň “ak altynly” pellerinde gabatlaşdyk.
Ol bizi topar ýolbaşçysy Maksat Nurberdiýew bilen tanyşdyrdy-da, şeýle diýdi:
— Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny üstünlikli jemlemegi maksat edinýän pagtaçy kärendeçilerimiz 1350 gektardan 3300 tonna pagtany Watan harmanyna tabşyrmaklygy meýilleşdirýärler. Toparlaryň 12-sinde-de joşgunly zähmet möwç urýar. Daýhan birleşiginiň 7-nji toparyndan Maýa Gulhanowa 2,5 gektar meýdandan 6 tonna golaý pagtany döwlete tabşyrmagy başardy.
Şeýle-de, Akmyrat Garaýew, Oguldursun Akynýazowa we beýleki kärendeçilerimiz hem öňdeligi eýelediler.
Hawa, Rozmyrat Rozyýew mamla. Ýer eýeleri kemala getirilen pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin iş günlerini döredijilikli zähmete besleýärler.
— Hereket etseň, bereket eçilýän keremli topragymyz bar. Men indi 2008-nji ýyldan bäri ene topraga yhlas edýärin. Bagtyýar halkymyzyň durmuşynda orun alan “ak altynyň” bu gün gadyry başga. Süýüminden mata, çigidinden ýag, sabyn, gowaçasyndan kagyz alyp bolýan “ak altyna” uly üns berilýär. Ynha, bu köpmüňçi ýygymçylar Akjagül Kulowa, Aýjemal Gullyýewa, Ogulboldy Rozyýewa, Aýjemal Orazgulyýewa bize ýakyndan kömek berýärler — diýip, pagtaçy kärendeçi Maýa Gulhanowa buýsanç bilen gürrüň berdi.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: pagtaçy kärendeçi Maýa Gulhanowa iş wagtynda.
Surata düşüren awtor.