Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyndan pursatlar
24.11.2022
Dünýä halklaryny dostlaşdyrýan milli medeniýetimize hem-de sungatymyza goýulýan belent sarpa bu günki günde mukaddes Watanymyza bolan çuňňur hormaty beýgeldýär. 16 — 17-nji noýabrda gadymy Daşoguz topragynda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Festiwalyň myhmanlarynyň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna baryp görmegi, şol ýerde iki halkyň wekilleriniň birek-birek bilen söhbetdeş bolmagy dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine uly goşant boldy.
Daşoguz şäheriniň merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda festiwalyň açylyş dabarasy bolup, binanyň girelgesinde guralan iki ýurduň milli gymmatlyklarynyň, amaly-haşam, zergärçilik we sungat eserleriniň sergisi festiwalyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy. Dabarada dost-doganlygy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy, ajaýyp tanslaryň ýerine ýetirilmegi ýürekleri heýjana getirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» aýdymy baýramçylyk konsertiniň şowhunyna şowhun goşdy. Dostlukly halklaryň döwlet Baştutanlarynyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlaglary dabaraly ýagdaýda okaldy. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen we özbek halklarynyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan üstünlikler biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Festiwalyň açylyş dabarasyndan soňra, günüň ikinji ýarymynda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Kaýs» atly sahna oýny görkezildi. Bu oýny Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Alyşir Nowaýynyň «Leýli-Mejnun» poemasy esasynda sahnalaşdyrypdyr. Özbegistanly ýaş artistler Leýli bilen Mejnunyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi başardylar. Mukaddes söýgä bagyşlanan bu sahna oýny hemmelerde uly täsir galdyrmak bilen, gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Oýun tamamlanandan soň baş keşpleri ýerine ýetiren artistlere gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýat kitaphanasynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy boldy. «Edebi dostluk — ebedi dostluk» diýlip atlandyrylan bu duşuşyga ýurdumyzyň we Özbegistan Respublikasynyň meşhur ýazyjydyr şahyrlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda halypa şahyrlar — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow hem-de Özbegistanyň Halkara Babur baýragynyň eýesi Mirzo Kenžabek, filologiýa ylymlarynyň doktory Bahodir Karimow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň halkara gatnaşyklary we çeper terjime bölüminiň baş hünärmeni Risolat Haýdarowa we beýlekiler çykyş etdiler. Halypalaryň türkmen-özbek edebiýaty, aýratynam, poeziýa, terjimeçilik sungaty hakyndaky täsirli söhbetleri söz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdedigini görkezdi. Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde türkmen we özbek halklarynyň kino ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik duşuşygy kino sungatyna bagyşlanyldy. Duşuşykda «Binýat», «Jadyly beg» atly türkmen hem-de «Aýal kysmaty», «101-nji gatnaw» ýaly özbek filmleriniň görkezilişi boldy. Biz, ilki bilen, «Aýal kysmaty» atly özbek çeper filmine uly höwes bilen tomaşa etdik. Filmiň režissýory Dilmurat Madaidow bilen gürrüňdeş bolup, filmiň gahrymany, ençeme kynçylygy başdan geçiren zenanyň ussatlygyna sarpamyzyň çäksizdigini buýsanç bilen belledik. Tomaşaçylaryň indiki görkeziljek filmlere sabyrsyzlyk bilen garaşmaklary, türkmen we özbek kinorežissýorlary bilen ýadygärlik surata düşmekleri has-da tolgundyryjy pursat boldy.
Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda festiwalyň tamamlanmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylaryň iki ýurduň hormatly Prezidentleriniň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi. Teatryň artistleriniň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaby esasynda sahnalaşdyran «Ygrar ataşy» atly spektakly görkezildi. Terbiýeçilik ähmiýetli bu spektakl festiwalyň myhmanlaryna ruhy lezzet paýlady.
Soňra Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda myhmanlaryň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Bu ýerde türkmen-özbek halklarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Aýratyn-da, ýerine ýetirilen dostluk aýdymlary toý şatlygyny goşalandyrdy.
Bu dostluk festiwalynda biz türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň bakylygyna, mizemezligine çuňňur göz ýetirdik. «Arkadagly Serdara şöhrat!», «Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy!» diýen ajaýyp şygarlaryň belentden ýaňlanmagy göwünlerimizi joş eýläp, festiwal ýakymly ýatlamalaryň dünýäsine öwrüldi.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: festiwalyň geçişinden pursat.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.