Sport. Sport. Sport.
18.11.2022
Sportuň küşt görnüşi bilen ýakyndan gyzyklanýan Arzygül jigimiz 6 ýaşyndan bäri sportuň bu görnüşine uly üns berýär. Ol Mary şäherindäki 14-nji orta mekdepde bilim-terbiýe alyp, ondan daşary hem ýöriteleşdirilen olimpiýa sport mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça tälim alýar. Arzygül jigimize Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi Ejegyz Ýalkanowa tälim berýär. Tejribeli tälimçi türgen Arzygül Ataýewa sportuň küşt görnüşiniň inçe syrlaryny öwredip, geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlara mynasyp bolmagyna ýakyndan ýardam berýär. Ol özüniň ýaşlygyna garamazdan, ýurdumyzda, welaýatymyzda hem-de onlaýn arkaly geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başarýar. Arzygül jigimiz öz deň-duşlaryndan tapawutlylykda birnäçe Hormat hatlaryna we medallara eýe bolmak bilen ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýär. Küştçi jigimize geljekde hem üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Ýaş nesillerimizde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ýaş türgen
Arzygül Ataýewa.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.