Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Azyk bolçulygyna goşant

18.11.2022

Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşligi Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýär. Ýeňiş obasynyň bagbanlary “Süýji toprak” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önüm öndürijileri bolmak bilen bereketli topraga, toý saçagynyň berekedini öndürýän miweli baglara, üzümlere yhlasly ideg edýärler. Şeýle önüm öndürijileriň biri hem ömrüniň ahyryna çenli topar ýolbaşçy bolup, bagbançylykda yz goýan Bäşim Maksadowyň körpe ogly Ýagşymyrat Maksadowdyr. Onuň kakasy: «Topragam, miweli baglaram, üzümlerem eýesini aldaýan däldir. Olara diňe wagtly-wagtynda hyzmat edip bilseň, bereket hem taparsyňyz» — diýipdi. — Dogrudan-da, kakamyň pendine eýerip, yhlas edip, bereket, rysgal, döwlet tapyp gelýärin. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda üzümden 20 tonna, behiden hem 15 tonna önüm ýygnap almaklygy maksat edinýäris — diýip, bagbanyň ogly, önüm öndüriji Ýagşymyrat Maksadow aýdýar.

Biz bu ýerde bolanymyzda Ýagşymyrada aýaly Bahargülüň, gyzlary Mahymyň, Mähriniň, Bägülüň, ogly Azadyň ýakyndan kömek berýändiklerine göz ýetirdik.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: önüm öndüriji Ýagşymyrat Maksadow kömekçileri bilen.
Surata düşüren awtor.