Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bakylygyň ýaňy bardyr, türkmen-özbek dostlugynda!

18.11.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, doganlyk gatnaşyklaryny agzybirlikde kämilleşdirip geldiler. Türkmen we özbek halklaryny taryhlarynyň, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, sungatlarynyň we edebiýatlarynyň ýakyndygy birleşdirýär.

Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalga berýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 16-17-nji noýabrynda Daşoguz şäherinde geçirilýän türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly hem Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň medeni gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň alamaty boldy.

Türkmenistan döwletimiziň iň bir ýakyn goňşusy hasaplanylýan Özbegistan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, meşhur ýazyjydyr şahyrlary ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan gadymy Daşoguz topragynda geçirilýän türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşdylar. Bu festiwal «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmekden başlandy. Özbegistandan gelen myhmanlar iki halkyň taryhyndan gürrüň berýän ýadygärlikleri synlap, özlerinde galan täsirler barada buýsançly gürrüň berdiler. Bu ýerde özbek halkynyň meşhur şahyry Mirzo Kenžabekiň okan şygyrlary festiwalyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy.

Düýn ir säher bilen Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki baýramçylyk ruhuna beslenen giň meýdançada bu dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda iki ýurduň hormatly Prezidentleriniň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary uly ruhubelentlik bilen okaldy. Dabarada ýerine ýetirilen kompozisiýada dostluk owazy belentden ýaňlandy. Dabarada iki dostlukly halkyň medeniýetde we sungatda gazananlarynyň we milli gymmatlyklarynyň ajaýyp sergisi görkezildi. Festiwala gatnaşyjylar bu sergini uly gyzyklanma bilen synladylar we dostlukly halklaryň medeniýetinde, sungatynda we milli gymmatlyklarynda meňzeşligiň köpdügini belläp geçdiler.

Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynyň toý sahnasynda türkmen we özbek halklarynyň bilelikdäki aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, beýik ösüşlerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň, dostlugyň-doganlygyň waspy buýsançly beýan edildi. Dostluk konsertinde Türkmenistanyň at gazan artisti, meşhur özbek aýdymçysy Azatbek Nazarbekowyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň döreden aýdymlarynyň ýaňlanmagy baýramçylyk şowhunyny has--da belende göterdi. Şeýle hem bu dostluk konsertinde ýurdumyzyň we Özbegistan Respublikasynyň belli medeniýet we sungat ussatlary, aýdym-saz tans toparlary çykyş edip, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden wasp etdiler.

Türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň gülläp ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly üstünlikli dowam edýär.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjy.
SURATDA: festiwalyň geçişinden pursat.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.