Maşgalada çaga terbiýesi
10.11.2022
Ata Watanymyzda ýaş nesle terbiýe bermek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir”.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.
Nesil terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe barada aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda: “Edep bergidir, bermedige görgüdir” diýilýär. Aslyna seredilende her bir maşgalanyň, her bir ene-atanyň özüne mahsus terbiýeçilik usuly bolýar. Ylmy-barlag işleriniň netijelerine görä, çagalara köp maşgalada diňe öňden gelýän däpler we usullar boýunça terbiýe berilýär. Emma çagany öz ýaşaýan döwrüne görä terbiýelemek has dogrudyr.
Terbiýe meselesinde her bir çaga onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerurdyr. Ýöne, gijä goýman, turuwbaşdan alada etmeli. Döwletmämmet Azady bu barada gaty ýerlikli aýdypdyr. Perzendi okuw ýaşa ýetende, ene-atalar çagalaryny Garry molla getirip, “Süňňi biziňki,eti siziňki” diýip ýüzlenip: “Şu çagamyza edep bilen bilim beräýseňiz” diýenlerinde, dana kişi: “Bilim bereýin, bu bilim almak ýaşyna ýetipdir. Edep meselesinde gijä galypsyňyz, sebäbi, çaga edep bermek has ir, ýagny, çaga göwrede galan gününden başlanýar” diýer eken. Azadynyň nygtaýşy ýaly, her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi maşgala ojagyndan başlanýar. Şeýle terbiýe has netijeli we dowamly bolýar. “Çaga bir ösümlikdir, ony nähili ýetişdirseň, şoňa görä-de gül açar” diýipdirler. Dogrudan hem çagalar geljegimiziň gülleridir, güllere bolsa tertibine laýyklykda seredilmelidir. Şol sebäpli ol gülleriň gowy ýetişmegi üçin olara mahsus şertler döredilmelidir.
Çagalary käýemezden, sesimizi beýgeltmezden nähili terbiýeläp bileris? Çaga dünýä inen gününden başlap, onuň bilen mylaýym gürleşmegi başarmaly. Sebäbi, çagalar biziň gürleýşimiziň äheňini özlerine kabul edip alýarlar. Olara gahar bilen ýüzlenip bir zat etdirseň, hemişe şeýle bolmalydyr diýip pikir edýärler. Şeýle terbiýe alan, çagalara gygyrmasaň, gaharlanmasaň diýen etmän başlaýarlar.
Çagalarymyza çenden aşa talabediji hem bolmaly däldir. Olardan aşa talapkär bolmak, köp zatlary etmeklerini islemek, çagalaryň özüne bolan ynamyny azaldýar. Bu bolsa olaryň geljekde çekinjeň, özüne ynamsyz bolmagyna ýol açýar. Çagalarda näme kemçilik bar bolsa, onuň sebäpkärleri bizdiris. Çagalardaky kemçilikleri düzetmek üçin, ilki bilen, özümize göz aýlamalydyrys.
Çagalaryňyz bilen köp wagty bile geçirjek boluň! Işiňiz näçe köp bolsa-da, çagalaryňyz bilen her gün bile wagt geçirmegi unutmaň! Olar bilen bile kitap okaň, oýun oýnaň! Umuman, olaryň soraglaryny jogapsyz goýmajak boluň! Kähalatlarda çagalar bermesiz soraglary berseler-de, olara laýyk jogap bermeli.
Ýene-de bellemeli bir zat bar: öz ýalňyşlaryňyzy boýun almagy başaryň! Eger-de, siz nädogry hereket etseňiz, onda nädogry hereketiňizi boýun almagy başarsaňyz, olarda adalatlylyk duýgusyny oýararsyňyz. Çaga täsindir. Ol aýdym aýdanynda, oýun oýnanynda, bir zatjyklar ýasanynda hökmany suratda oňa üns berlip, diňlenilmeli we goldanylmalydyr. Bu bolsa çaganyň ylhamyny, isleg-arzuwlaryny we özüne ynamyny artdyrýar. Sebäbi, olaryň çaga dünýäsinde, hossarlary we özüne ýakyn bolan ynsanlar tarapyndan gowy görülmek we özlerine üns çekdirmek islegleri güýçli bolýar. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, ene-atalaryň özleriniň dünýägaraýşynyň giň bolmagy gerek.
Perzent adamyň iň uly baýlygy, goralmaly iň uly hazynasy. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat aýdylýar.
Bir gelin ýurtda sylagly dananyň ýanyna baryp: «Bu şäherde menden garyp adam ýok! Maňa kömek ediň!» diýipdir. Goja gelniň gujagyndaky bäbejigiň alma ýaly ýaňaklaryndan ogşap: — Diýmek, garyplykdan zeýrenýärsiň-dä! Eger saňa kömek etmegimi isleýän bolsaň, çagaň birje barmagyny satmaly bolarsyň — diýýär.
Gelin ilki gojanyň akyly çaşandyr öýdüpdir. Soňra-da, «Oýun edýändir» diýip, pikir edipdir. Emma gojanyň gara çynymyşyn. Ol gelniň öňüne altynly haltajygy süýşürip:
— Aýajygynyň barmajyklaryndan bolsa-da, men razy! Hekimlikden başym çykýar, çaga ezýet bermezden alaryn — diýipdir.
Gelin durky bilen galpyldap durka, dana:
— Diňe dyrnajygyny alsam-da bolýar, gorkma, wagty geler, ýerine täzeje dyrnak çykar — diýipdir.
Gelin inini tikenekledýän bu teklipleri mundan artyk eşitmäge çydam edip bilmändir. Gapyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp barýarka, goja:
— Gyzym, hany aýak çek-ä, «Men garyp» diýip nalaýarsyň, men saňa nähili uly baýlyga eýedigiňi görkezmek isledim. Görýäňmi gujagyňdaky hazynanyň ýekeje dyrnagyny altynly haltajyga hem çalyşmadyň. Sen dünýäniň iň uly baýlygyna eýesiň, gyzym! Munuň üçin nalamagyň ýerine şükür etmegiň gerekdir — diýipdir.
Çaga terbiýesi barada gürrüň edilende, maşgalada berilýän nädogry terbiýe barada-da hem aýtmak zerurdyr. Ol hem öz gezeginde birnäçe görnüşde bolýar.
Çagany gowşak tutmak. Bu ýagdaýda çaga terbiýesi ene-ata tarapyndan ünsden düşürilýär. Ene-ata çagasynyň näme bilen meşgullanýandygy, kimler bilen tirkeşýändigi, nähili aladasynyň bardygy bilen gyzyklanmaýar. Bu hili terbiýede çaga ene-atanyň mähri, söýgüsi ýetmezçilik edýär. Ene-atasynyň gözegçiliginde bolmandygy sebäpli, ol öz ugruna ýaşap ýören çaga öwrülip, islän hereketlerini edýär.
Lälik saklamak. Bu ýagdaýda çagany aşa lälik saklaýarlar. Her bir eden işine, aýdýan sözüne guwanyp ony götergiläp, öwüp, arşa çykarýarlar. Şol öwgi atmosferasynda ýaşan çaganyň diňe özüne ünsi çekesi gelýär. Bir tarapdan, deň-duşlaryna öňbaşçy bolasy gelýär. Beýleki tarapdan, ony başarmaýar. Işi rowaç bolmadyk halatynda bolsa, her hili mekirlige ýüz urýar.
Sowuk-sala garamak. Şeýle ýagdaýdaky terbiýede çaga özüni ene-atasy tarapyndan gowy görülmeýän ýaly duýýar. Haçan-da, özüniň doganyna köp üns berlip, ol gowy görülse, bu ýagdaý has hem agyrlaşýar. Çagany ýasama söýgüleýärler. Emma muňa garamazdan, çaga ýüregi bu ýasamalygy aňýar.
Zabun tutmak. Terbiýäniň bu görnüşinde ene--atalar “Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar” diýen nakyldan ugur alýarlar. Çagany aşa berk tutýarlar we çagalaryň kiçijik ýalňyşlaryna hem uly temmi berýärler. Şeýle terbiýe alan çagalaryň aglabasy alan terbiýesi ýaly zabun bolup ýetişýärler.
Çagamyzy adam edip ýetişdirmekde, döwrebap kemala getirmekde, biz diňe bir şahsy bähbidimizi däl, eýsem, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly hem geljekde onuň diregi bolmalydyr, çünki, çaga biziň geljegimizdir. Bu babatda ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan tutumly işler alnyp barylýar.
Ejegül ATABAÝEWA.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, TZB-niň işjeň agzasy.