“Ak altyn” — 2022
10.11.2022
Altyn güýzüň dowam edýän günlerinde meýdanlarda zähmet gaýnap joşýar. Ýagny, bir tarapdan, bugdaý ekişi geçirilse, ýylýüzi zähmet çekilip ýetişdirilen “ak altynyň” we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň taýsyz goldawlary netijesinde bereketli topraga bar yhlasyny siňdirip, agzybirlikde zähmet çekýärler. Olar şu günler şertnamalaýyn meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Ene topraga yhlasly kärendeçiler halal zähmetiň netijesinde ýokary görkezijileri gazanyp, bolelin durmuşyň hözirini görýärler.
Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde 6 topar bolup, altynjy topara Jumageldi Annageldiýew ýolbaşçylyk edýär. Ol toparda 84 gektar ýerde pagta hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almaga gatnaşýan ýygymçylar ýaryşyp işleýärler. Etrabyň ýaşlar guramasy öňdebaryjylary Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglaýar. Bäsleşip işleýän ökde ýygymçylar Watan harmanyna uly goşant goşýarlar.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ökde ýygymçy doganlar Güljemal, Bagty Orazmuhammedowalar we etrap ýaşlar guramasynyň başlygy Nygmat Hümmedow pagta meýdanynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.