Aýdym-sazly dabaralar
10.11.2022
Golaýda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda welaýat häkimliginiň we welaýat zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Eneleriň göreldesi — zenanlaryň ýörelgesi» atly aýdym-sazly dabara boldy. Milliligimizi wasp eden bu dabara ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan gelen elleri hünärli mährem eneler we gyz-gelinler gatnaşdylar.
Bu ýerde zenanlarymyzyň on barmagyndan, ýürek yhlasyndan kemala gelen el işleriniň, halydyr keçe we palas önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Türkmeniň milliligini şöhlelendirýän nepis el işleriniň sergisi hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy we uly gyzyklanma döretdi.
Dabarada el işlerinde gyz-gelinlere görelde görkezýän kümüş saçly eneler bilen bolan söhbetdeşliklerde keşde çekmek, alaja işmek, haly, palas dokamak, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly hem-de milli lybaslarymyza salynýan dürli nagyşlar, döwrebaplaşdyrylan keşdeler, milli geýinmek medeniýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda halk döredijilik eserlerinden joşgunly ýerine ýetirilen aýdymlardyr hüwdüler oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.
Şol gün günüň ikinji ýarymynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «El keşdämiz — millilige ýörelge, el hünärim — geljegimize görelde» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem şatlyk-şowhuna beslendi. Dabara welaýat zenanlar bölüminiň geňeş we işjeň agzalary, H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, welaýatymyzyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, terbiýeçi mugallymlar, orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar klublarynyň okuwçy gyzlary gatnaşdylar.
Milli ruhda bezelen ajaýyp sahnada talyplaryň, okuwçy gyzlaryň we körpeleriň el işleriniň sergisi görkezildi. Dabaranyň dowamynda terbiýeçi mugallymlar çagalara milli nagyşlardyr keşdeler hem-de baýlygymyz bolan ak pagtadan öndürilýän önümler barada gürrüň berseler, okuwçy gyzlar el işleriniň birnäçe görnüşlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle hem dabarada çagalaryň joşgunly ýerine ýetiren folklor çykyşlarydyr aýdymlary, okan şygyrlary göwünlere ganat baglady.
Dabaralarda «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa we «Güneş» žurnalynyň baş redaktory Gülälek Babaýewa, mährem eneler hem-de terbiýeçi mugallymlar bilen söhbetdeş bolup, ýaşlarda zähmet terbiýesini ösdürmek, olary el işlerine höweslendirmek, milli lybaslary tikmegi öwretmek dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: aýdym-sazly dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.