Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli ýaşlar — geljegimiz

03.11.2022

Aslynda, başlangyç synp mugallymynyň paýyna örän jogapkärli wezipe düşýär. Sebäbi ylym-bilimiň uç-gyraksyz giňişligine ýaňy gadam basan oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň ylym-bilim almakdaky soňky gadamlarynyň şowly bolmagy başlangyç synplardan başlanýar. Onsoňam, başlangyç synp mugallymyndan juda sabyrlylyk, geçirimlilik talap edilýär.

Şeýle jogapkärli wezipä abraý bilen hötde gelmegi başarýan mugallymlaryň birem Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Maýa Ýuwşanowadyr. Jogapkärli kärinde baý iş tejribesini toplan Maýa mugallym ajap eýýamymyzyň döwrebap neslini kemala getirmekde döredijilikli zähmet çekýär. Geçýän sapaklarynyň okuwçylar üçin täsirli bolup, olaryň geçilýänleri düýpli özleşdirmekleri ugrunda aladalanýar. Yhlasly zähmetiň netijesi bolsa, uly üstünliklere ruhlandyrýar.

SURATDA: tejribeli mugallym Maýa Ýuwşanowa iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.