Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
03.11.2022
Şu günler gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsüminde kärendeçi daýhanlaryň aladasy has-da artýar. Olar ýetişdiren bereketli hasyllaryny wagtynda ýygnamak aladasy bilen ir ertirden giç agşama çenli meýdanda ýadawsyz zähmet çekýärler.
Türkmengala etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň «ak altyn» ussatlary bu işde tapawutlanyp işleýärler. Daýhan birleşiginde jemi 325 gektar ýerde pagta hasylyny ýetişdirdiler. Ol ýerde 2 topar bolup, birinji topara Gurbanmyrat Ataýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän toparynda Güljemal Jumageldiýewa 3,5 gektar, Gyzylgül Ataýewa 1,5 gektar ýerde bitginli pagta hasylyny ýetişdirip, ony isrip etmän ýygnap almakda janaýaman zähmet çekýärler. Ýüwrük elli ýygymçylar günde 100 kilograma golaý pagta ýygyp, Watan harmanyna tabşyrýarlar. Ýakynda ol ýerde ýygymçylaryň armasyny ýetirmek we olaryň arasyndan öňdebaryjylary sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi. Medeniýet öýüniň işgärleri aýdym sazlary, etrabyň ýaşlar guramasy bolsa ýadygärlik sowgatlary bilen ýygymçylary has-da ruhlandyrdylar.
Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly alyp barýan daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň gadamlary batly, ümzükleri ileri. «Ynam bolsa, ýarpy ýeňiş» diýilişi ýaly olar hem ynam bilen öňe barýarlar.
Ş. GURBANOWA.
SURATDA: pagta meýdanyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.