Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi
03.11.2022
Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde Türkmen alabaýynyň baýramy uly dabara bilen, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Türkmen alabaýynyň baýramy milli senenamada orun alan iň täze baýramdyr. Ilkinji gezek bu sene, 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilipdi. Bu ýyl bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna görä, ol ilkinji gezek aýratyn baýram derejesinde bellenildi. Ýurdumyzda türkmeniň alabaý itlerine bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň geriminiň giňdigi sebäpli, bu dabaralar bir gün bilen çäklenmän, bir hepdeläp dowam etdi.
Paýtagtymyzda we welaýatlarda itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, Türkmen alabaý itleriniň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine gönükdirilen medeni çäreleriň toplumy geçirildi.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, TAP-nyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň guramagynda Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde “Türkmen alabaý iti — wepadarlygyň nusgasy” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde türkmen alabaýyna degişli muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş, amaly-haşam işleriniň, hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy. Dabara gelen myhmanlary bagşy-sazandalar, döredijilik toparlary şowhunly aýdym-sazlar, tanslar bilen garşy aldylar. Geçen ýekşenbede bellenilip geçilen Türkmen alabaýynyň baýramy halkymyzyň öz medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.