Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine

03.11.2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, gözelleşýär. Ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen birlikde daşky gurşawy, tebigatymyzyň baýlygyny we gözelligini goramak meselesine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna badalga berilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilýär. Şonuň netijesinde hem her ýyl miweli, saýalyk, bezeg agaçlarynyň nahallary oturdylyp, tokaý zolaklary döredilýär. Bu bolsa howanyň arassa, tebigatyň gözel bolmagyna täsirini ýetirýär. Şeýle hem miweli baglaryň oturdylmagy netijesinde ilatymyz ter miweler bilen ýeterlik üpjün edilýär.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri yzygiderli öňe sürýär.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.