Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we "Maru-şahu jahan" wealaýat gazetiniň redaksiýasynyň döredijilik bäsleşigine

21.10.2022

2015-nji ýylda Maryda ilkinji “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyşyna taýýarlyk işlerine milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň janköýerleriniň uly topary, şol sanda ussat halyçy we mirasgär zenan Haljan Ilamanowa hem çekilipdi. Äpet ak öýüň bir böwrüniň bezegini boýnuna alan Haljan orta mekdepde okaýan ogly Şageldi bilen bu ýakymly we hormatly ýumşy berjaý edip ýörkäler, şeýle ajaýyp keşbi öz öýlerinde döretmek pikirine geldi. Türkmenistanyň Medeniýet institutyna muzeý işini guramak hünäri boýunça okuwa giren Şageldiniň öwrenýän nazary biliminiň we ejesiniň toplan baý mirasynyň birikmeginden kemala gelen öý muzeýi bu gün geljekler, görjekler, öwrenjekler üçin kaşaň gapysyny açdy. Mary etrabynyň Täze oba geňeşliginde, Marynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky obada ýaşaýan Ilamanowlar öz ojaklarynda öz “Ak öýlerini” döretdiler. Gapysyna we içine “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili berlen daşky giň otag türkmeniň medeniýetine we sungatyna degişli milli gymmatlyklaryň nusgalaryny özünde jemleýän öý muzeýine öwrüldi.

Bu muzeýe gelýänleriň nazary ilki bilen türkmeniň öý-ojaklarynyň we kalplarynyň töründen orun tapan Arkadagymyzyň, onuň türkmene haýyr getiren ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň nurana keşplerine düşýär. Hemme zat gadymy türkmen öýünde bolmalysy ýaly: bosaga, tör, dul, böwür, ojak... Ussat halyçy Haljan Ilamanowanyň dürli ýyllarda öz elinden çykan haly horjunlary, çuwallary, düýphalylary, halyçalary we kän görnüşli haly-bezeg önümleri nepisligi bilen haýran galdyrýar. Bezemen çaga sallançagy, Haljanyň aýal doganlarynyň bejeren kürteleridir çabytlary, mähriban ejesinden ýadygärlik galan heýkel, milli şaý-sepler, türkmen öýlerinde ulanylan gadymy gap-gaçlar, haly gaplardaky dutardyr-gyjak ýaly saz gurallary, kümüş kündük, mis tüňçe — bularyň hemmesi öý bikesi Haljanyň dilinde türkmeniň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, yrymlary baradaky joşgunly, tolgundyryjy, gyzykly gürrüňleriň çeşmesine öwrülýär.

Haljan Ilamanowanyň muzeýi bir otagyň çägine sygmaýar. Uly jaýyň haýsy otagyna göz aýlasaňam, milli mirasymyzyň muzeý gymmatlygyna öwrülen nusgalaryna gözüň düşýär. Marynyň haly-boýag kärhanasynda halyçy bolan, şol kärhana ýolbaşçylyk eden ýyllarynda haly sungatynyň kämilleşmegi, köp öwüşginli bolmagy ugrunda aladalanyp gezen Haljanyň we uýalarynyň zehininden dörän halylaryň hersi bir täsin eser. Türkmen keçesiniň gülleri salnan halylar düşelen otaga aýak basmankam, bu jadyly senediň ussadynyň ýüzüne soragly garap durun: bu näme, halymy ýa keçemi?! Türkmeniň aý-gün, ýyldyz hasaplary bilen bagly nagyş salnan äpet haly, haly gapylyklar, altyn öwüsýän bugdaý meýdanynda ýüzüp barýan kombaýnlar şekillendirilen diwar halysy, yralanýan çaga sallançagynyň aýtaryn bezemen nusgasy, türkmen Baýdagyndaky bäş gölüň şekili salnyp dokalan dutar gaplary, dokalan saçaklaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk ýaglyklar — bularyň hemmesi halypa halyçy Haljanyň we muzeý işini ömrüne hemra edinen ogly Şageldiniň bina eden muzeýleriniň eksponatlary.

Maşgalada 15 doganyň biri bolup ulalan Haljanyň ejesi we aýal doganlarynyň 6-sy halyçy. Uly dogany Maýsa Ýagmyrowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly adyň eýesi. Tutuş ömrüni halyçylyk sungatyna bagyşlan, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi bolan, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen iki gezek sylaglanan Haljan Ilamanowa bu öý muzeýini Türkmenistanyň medeniýet institutyny tamamlan ogly Şageldiniň hünärmen hökmündäki ile hödürlän ilkinji işi hasaplaýar. Halyçy enäniň ýalňyz perzendinden göwni hoş, umydy kän. Halkymyza türkmençiligimizi, ajaýyp däp-dessurlarymyzy gaýtaryp berýän, milli mirasymyzy aýamaga, ýaýmaga, baýlaşdyrmaga hemaýat berýän Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşynyň çägi ýok. Bizem bu ruhubelent, ýaşamaga, döretmäge, öwretmäge diýseň höwesli zähmetsöýer zenanyň nusgalyk başlangyçlarynyň rowaç tapmagyny arzuwlap, onuň bilen hoşlaşdyk.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
Žurnalist.
SURATDA: Haljan Ilamanowanyň öý muzeýiniň gymmatlyklary.