Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: ösüşleriň aýdyň ýoly

21.10.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Baýramaly etrabynyň Döwletmyrat Öwezow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Bereket” daýhan birleşiginiň pagtaçylary 3200 gektar ýerde “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar pagta ýygymy möwsümine hem guramaçylykly girişip, şu günler ählihalk baýlygynyň harmanyny barha beýgeldýärler. Pagta ýygymy kärendeçileriň we köpmüňçi ýygymçylaryň birleşen tagallalary netijesinde alnyp barylýar.

Daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynyň köp bölegi medeni çäkden uzakdaky Tahyrbaý ýaýlasyndadyr. Bu ýerleriň rysgal-döwletli meýdanlarynda ýokary iş öndürijilikli pagta ýygyjy tehnikalaryň birnäçesi gije-gündiziň dowamynda iş çalşyklarynda hereketlendirilýär. Olaryň ýag-ýangyç, tehniki hyzmat üpjünçiligi iş üstünde ýerine ýetirilýär.

Altyn güýzüň her sagadyndan netijeli peýdalanýan bu daýhan birleşiginiň pagtaçylary Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny 7590 tonna ýokary hilli “ak altyny” döwlete tabşyryp şöhrata beslemegi maksat edinýärler. Olar özlerine edilýän goldawlar üçin Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.

Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: pagta ýygymy möwsüminden pursat.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.