Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

21.10.2022

Hepdäniň duşenbe güni welaýat kitaphanasynda bolan dabara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly täze kitabynyň 14-nji jildiniň çapdan çykmagyna bagyşlanyldy. Dabara welaýat häkimligi, welaýat zenanlar bölümi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň bilim, medeniýet, saglyk ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, TZB-niň geňeş we işjeň agzalary hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Dabarany TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa alyp bardy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş etdi. Häkimiň orunbasary öz çykyşynda alym Arkadagymyzyň halkymyza dowamly peşgeş berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildiniň il-günümize gowuşmagy bilen gutlap, bu ylmy kitabyň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem bu ýerde Ýolöten etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maýa Hümmedowa, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Aksoltan Baýramowa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda ösümlikler dünýäsinden söz açýan bu täze kitapdaky dermanlyk ot-çöpleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri hakynda buýsançly gürrüň edildi.

Dabaranyň dowamynda şeýle ajaýyp eserleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirýän, toý şatlygymyzy goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de il-ýurduny dünýä tanadýan Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuwlanyldy. Şowhunly elçarpyşmalaryň astynda aýdylan alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.