“Ak altyn” — 2022
14.10.2022
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk zähmetkeşleriniň öndürijiligini hem-de olaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak meselelerine uly üns berilýär. Daýhanlara ýakyndan ýardam berip, häzirki zaman traktorlarydyr kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagam ýer eýeleri hakdaky aladadan nyşandyr. Babadaýhanlar özleri hakdaky aladalardan ruhlanyp, topraga yzygiderli azaplaryny siňdirip, bol hasyl almagyň ugrunda ýylboýy irginsiz zähmet çekýärler.
Türkmengala etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem pagta hasylyny ýygnamakda tapawutlanyp zähmet çekýärler. Parahat Meretdurdyýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşiginde zähmetsöýer kärendeçiler 710 gektarda pagta hasylyny ýetişdirip, ondan 1704 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Şu günler ekin meýdanlarynda gyzgalaňly döwür dowam edip, daýhanlar hysyrdyly zähmetiň netijesinde bolluk bilen eçilen pagta hasylyny ýygnamak ugrunda aladalanýarlar.
Ady agzalýan daýhan birleşiginde 10 topar bolup, olaryň arasynda tapawutlanan 1,4-nji toparlaryň kärendeçileri joşgunly zähmetleri bilen pagta hasylyny ýygnap almak ugrunda öňdeligi bilen tapawutlanýarlar. 4-nji topara Gaýgysyz Ýusubow, 1-nji topara Toýlymyrat Bähbidow ýolbaşçylyk edýär. 4-nji toparyň kärendeçisi Çary Agajanow, 1-nji toparyň kärendeçisi Ogulşirin Jumabaýewa dagyny kärende ýerlerinde pagta hasylyny ýygnamakda ilkinjileriň hatarynda görmek bolýar.
Armazak daýanlarymyz şu günler ak hanaly pellerde biri-biri bilen ýaryşyp pagta ýygýarlar. Olar pagta ýygymyny şatlyk-şowhuna besläp, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Billerini berk guşap, ýylyň dowamynda maňlaý derini altyn zere öwrüp, işleýän babadaýhanlarymyzyň işleri ugruna bolup, maksatlary myrat tapýar.
A. DAŇATAROWA.
SURATDA: pagta ýygymyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.