Bilimli nesil — kuwwatly Watan
07.10.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ata Watanymyza wepaly, il-günümize gerekli nesilleri kemala getirmek hem-de olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, gözel Diýarymyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolmagyna getirýär. Bu babatda yhlasly zähmet çekmek ähli başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýär.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da Mary etrabyndaky 32-nji orta mekdepde göreldeli, işbaşarjaň mugallymlaryň ençemesi yhlasly zähmet çekýär. Çagalary gyzgyn mähre gurşap alýan mugallymlaryň biri hem Göwher Muhammedowadyr. Ol 2018-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, bilim alan ugry boýunça zähmet ýoluna başlady.
Göwher mugallym ýaş nesle döwrebap bilim berip, olaryň bilimden ýüki ýetik, terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda arman-ýadaman yhlasly zähmet çekýär. Ol ýaş nesliň ilkinji ädiminden çaga dünýäsine aralaşyp, olara örän ünsli garaýar. Mugallym häzirki wagtda 3-nji “B” synp okuwçylaryna ýolbaşçylyk edip, olara döwrebap bilim berýär.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: başlangyç synp mugallymy
Göwher Muhammedowanyň okuwçylara sapak düşündirip duran pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.