Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn — 2022”

07.10.2022

Daýhan gollarynyň gudraty bilen keremli toprak bereketli hasyl eçilýär. Toprak siňdiren yhlasly zähmetiňe görä hasyl berýär. Tagtabazar etrabynyň “Marçak” daýhan birleşiginiň kärendeçi pagtaçylarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda gadamlary batly, ümzükleri öňe.

— Uly hyjuw bilen işleýän kärendeçi pagtaçylarymyzyň döredijilikli zähmetleri bilen 1600 gektarda bol pagta hasyly ýetişdirildi. Ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny gysga möhletlerde güýçli depgin bilen ýygnap, Watan harmanyna ýokary hil derejede tabşyrmak esasy wezipämiz bolup durýar. Hut şol maksat bilen kärendeçilerimiziň 1270-si yhlasly işläp, 4000 tonna ýokary hilli pagtany tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Bar bolan toparlaryň 11-sinde joşgunly zähmet möwç urýar. Kärendeçilerimiz Merjen Gurdowa, Ogulnur Ýusubowa, Ýazjemal Annaýewa, Gülşirin Annakowa, Zeýnep Gurbandurdyýewa dagy öňde goýlan sepgidi eýelediler — diýip, daýhan birleşiginiň baş hasapçysy Perdeli Narlyýew gürrüň berýär. Ol bizi hojalykda öňdäkileriň hatarynda barýan Çary Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän 8-nji toparynyň pagta meýdanyna alyp bardy. Toparda ilkinji bolup, 1 gektar kärende ýerinden 3,5 tonna golaý ýokary hilli pagtany ýygnap alan kärendeçi pagtaçy Merjen Gurdowanyň bereketli pellerine bardyk.

Biz “ak altynly” pellerde pagta hasylyny ýygyp ýören, bereketli topraga örküni baglan Merjen Gurdowa bilen gabatlaşdyk. Daýhan zenan 1998-nji ýyldan bäri 1 gektar kärende ýerine yhlas edip gelýär. Merjen Gurdowa her ýyl ekin çalşygyny edip, bitginli hasyla eýe bolýar. Daýhan zenana ogly Arslan bilen gelni Gülzada ýakyndan ýardam berýärler.

— Esasan, ýerine ýetirýän işiňe oňat düşünmeli. “Ýer eýesini tanaýar” diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Toprakdan bagt, rysgal tapyp gelýärin we her ýyly ýeňişlere besleýärin — diýip, ussat kärendeçi Merjen Gurdowa pagtadan doly fartugyny göterip gelşine ynamly aýtdy.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: kärendeçi Merjen Gurdowa iş wagtynda. Surata düşüren awtor.