Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
07.10.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edermen kärendeçilerimiz janaýaman zähmet çekýärler. Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi hem-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi azyk bolçulygynyň döredilmeginiň aýdyň şertidir. Kärendeçilere berilýän hemaýat-goldawlardan hoşal bolýan ýer eýeleri ýurdumyzda pagtadyr bugdaýdan başga-da, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde uly netijeleri gazanýarlar. Ýylyň dowamynda saçaklarymyzyň naz-nygmatlardan doly bolmagynda ýer eýeleriniň zähmetleri diýseň ýokarydyr.
Özüniň baý iş terjibesi bilen tanalýan Ýolöten etrabynyň Atçapar adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akmyrat Kuraşow indi 30 ýyla golaý wagt bäri ene topraga hyzmat edip, ondan bol hasyl alýar. Ol her ýyl özüniň kärende ýerinden bitginli hasyl almagy başarýar. Ýere çalşyk usulynda hyzmat edýän daýhanyň azaby ýerine düşýär. Geçen ýyl Akmyrat aga gant şugundyryny ekip ondan önjeýli hasyl almagy başardy. Üstümizdäki ýylda hem, ol 2 gektar kärende ýerine gant şugundyryny ekip, ondan bol hasyl almagy maksat edinýär. Ol daýhana berilýän hemaýat-goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, ýylyň-ýylyna kärende ýerinden bol hasyl alýar.
— Akmyrat Kuraşow şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Çekýän zähmetine berlen ýokary bahadan göwni hoş Akmyrat aga has-da yhlasly zähmet çekýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Rozymyrat Rozyýew uly buýsanç bilen gürrüň berýär.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Akmyrat Kuraşow ekin meýdanynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.