Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şäher zenanlar bölüminde

07.10.2022

Şu günler welaýat zenanlar bölüminiň meýilnamasy esasynda zenanlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek maksady bilen, şäher-etrap zenanlar bölümleri tarapyndan «Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap» atly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Ýokarda ady agzalan maslahat golaýda Mary şäher zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda hem geçirilip, ol işjeň häsiýete eýe boldy. Oňa şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Orazbibi Bäşimowa, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Göwher Muhammetdurdyýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bölüm müdiri, şäher zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Annagözel Saryýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, maşgala mukaddesligini goramak, ýaş çatynjalaryň arasyndaky düşünişmezlikleri düzetmek, ahlak terbiýesine üns bermek, ýaşlara ählitaraplaýyn görelde bolmak ýaly meseleler dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: maslahatdan pursat.