Bilimli nesil — kuwwatly Watan
12.02.2021
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda çagalaryň bakja-baglardan başlap terbiýeli, bilimli bolmaklary ugrunda aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar bakja- -baglary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Serhetabat etrabyndaky “Güneş” atly 1-nji çagalar bakja-bagynda hem çagalaryň terbiýeli, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanylýar. Gurbanjemal Hümmetdurdyýewanyň ýolbaşçylyk edýän bu çagalar bagynda 7 topar hereket edip, onda 156 çaga terbiýelenýär.
Çagalar bagynda zähmet çekýän terbiýeçiler körpelerde Watana, ene-ata bolan söýgini ösdürmek hem-de olaryň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda bilim derejelerini artdyrmak ugrunda yhlasly aladalanýarlar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň terbiýeçileri Maýa Sulenkowa, Maýa Arnageldiýewa, orta toparyň terbiýeçileri Käkilik Berekedowa, kiçi toparyň terbiýeçisi Aýbibi Hojakowa tutanýerli zähmet çekýärler.
Çagalar bagynda zähmet çekýän şepagat uýasy Sülgün Ärsaryýewa çärýek asyra golaý wagt bäri körpejeleriň saglygy ugrunda aladalanýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen çagalaryň saglygyny günde barlap, olara meýilnama esasynda bellenilen sanjymlary yzygiderli geçirýär.
Çagalaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri hem-de olaryň sagdyn bolmaklary ugrunda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Maýa Sulenkowa iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.