DÖWREBAP YMARATYŇ AÇYLYŞ DABARASY
01.12.2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň çar künjeginde döwrebap binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanyp, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýylsaýyn belende galýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýokary, ýörite orta we orta mekdepleriniň täze binalaryny gurmakda-da uly işler bitirilýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da şeýle bähbitli işler rowaçlyklara beslenýär.
Düýn bize şeýle şanly wakalaryň ýene biriniň şaýady bolmak miýesser etdi. Has takygyny aýtsak, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Geljekki gazçylary taýýarlamakda uly işleri bitirýän bu orta hünär okuw mekdebiniň üç gatdan ybarat döwrebap binasynyň ulanylmaga berilmegi şanly ýylymyzyň guwançly wakalarynyň biri boldy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Koreýa Respublikasynyň “Koika” kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyk esasynda bina edilen bu täze ymaratda mugallymlara döwrebap bilim bermäge, talyp ýaşlara bolsa, bilim alyp, hünär öwrenmekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabarasynyň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Aýdymçy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlary, tansçylaryň şowhunly çykyşlary ajap eýýamymyza buýsanç bolup kalplara nur çaýdy.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: täze binanyň
açylyş dabarasynda.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.
(suratlary 29.02.2020)