Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ajap eýýamyň binalary

30.09.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ösüşli menzilleri külterleýän Garaşsyz döwletimizde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan tutumly işleriň bady artýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň baýramy mynasybetli ulanylmaga berlen täze desgalardyr binalar guwanç duýgusyny döredýär.

Şanly sene mynasybetli açylyşyna ak pata berlen binalaryň biri Mary şäheriniň günortasynda gurlan täze döwrebap ýolagçy awtomenzilidir. “Maryawtoulag” önümçilik birleşiginiň buýurmasy esasynda bina edilen bu ýolagçy awtomenzilinde ýolagçylar üçinem, awtomenziliň işgärleri üçinem ähli amatlyklar döredilendigi guwandyrýar. “Muhammet — — Balkan” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen döwrebap awtomenzilde ýolagçylary uzak aralyga gatnatmak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Has takygy, ýolagçy awtomenziliniň owadan binasynyň birinji gatynda ýolagçylara ýol peteklerini satmak üçin awtoulag, howa we demir ýol kassalary, sowal-jogap nokady, garbanyşhana, internet kafe, dermanhana we beýleki zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem awtomenziliň ikinji gatynda ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmekde ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Döwrebap awtomenzilde welaýatlara we şäherara awtobus hyzmatyndan peýdalanmaga ähli şertler bar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde ýol peteklerini onlaýyn üsti bilen almaga-da amatlyklar döredilipdir.

Döwrebap awtomenziliň ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolagçylara awtoulag hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakda edýän aladalarynyň miwesidir. Täze awtomenziliň açylyş dabarasy Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýy bilen goşulyşyp, ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlarynyň guwançly ýaňy alyslara aşdy.

B. MERGENOW.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.