Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
30.09.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten ylmy- önümçilik synag hojalygynyň işgärleri gowaçanyň, bugdaýyň seleksiýasyny ösdürmek we tohumçylygy önümçilige ornaşdyrmakda netijeli işleýärler. Ylmy-önümçilik synag hojalygynyň başlygy Tirkiş Habybow bizi bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryp, gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri Arslan Halapow bilen duşurdy. Özara gürrüňdeşlikde bölüm müdiri bize şeýle gürrüň berdi:
— Gowaçanyň seleksiýasyny hem-de tohumçylygyny gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimiz öz miwesini hem berýär. Bu ýerde pagtanyň hem-de bugdaýyň tohumçylygy synagdan geçirilip, önümçilige hödürlenilýär. Agzybirlikli zähmetiň netijesinde alymlaryň ekip ýetişdirýän tohumlaryny synagdan geçirip, önümçilige ornaşdyrýarys. Synag geçirilýän meýdanlara tehniki hyzmatlar, bejergi işleri ylmy esasda edilýär. Meselem, gowaçanyň “Ýolöten-50”, “Ýolöten-53” sortlary önümçilikde ekilýär. Bu işde gowaçanyň seleksiýasy ugry boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Rejepmyrat Berdimyradow, Myrat Şirmämmedow, Nadežda Iwanowa, gowaçanyň tohumçylygy ugry boýunça Ilmyrat Jumaýew, Maýa Atadurdyýewa gowaçanyň täze sortlaryny döredýärler. Hawa, bu ýerde alnyp barylýan işler göze görünýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli döredilen gowaçanyň “Garaşsyzlyk-30” sortuny ylmy esasda öndürmeklige başlanylypdyr. Şeýle hem 2011-nji ýyldan bäri gowaçanyň 6 sorty önümçilige ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-4”, “Ýolöten-39” sortlary giňden ekilýär. Gowaçanyň “Ýolöten-54”, “Ýolöten-57”, “Ýolöten-58” sortlary ösümlikleriň döwlet sort-synagy edaralarynyň ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirilýär.
Biz bu ýerde bolanymyzda, gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň işgärleriniň geçen ýyl döredilen “Garaşsyzlyk-30” sortunyň ilkinji tohumçylyk işlerine ylmy esasda öndürmeklige başlandyklaryna doly göz ýetirdik. Bu gowaçalarda gozalaryň sanynyň 20-ä golaýy bar, pagta hanalary beýleki gowaçalaryňkydan sagdyn hem dykyz görünýär.
Ak patrak dek açylan pagta hanalaryny synlap ýören topar ýolbaşçysy Daýanç Şahyýew bilen gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri Arslan Halapow “ak altynly” pellere buýsanç bilen seredýärler.
— 293 gektarda bol pagta hasylyny ýetişdirdik. Her gektardan 25 sentner hasyla garaşýarys — diýip, topar ýolbaşçy Daýanç Şahyýew ynamly gürrüň berdi.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri Arslan Halapow hem-de topar ýolbaşçysy Daýanç Şahyýew pagta meýdanynda.
Surata düşüren awtor.