Watanymyzyň geljegi — ýaşlar
30.09.2022
Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Ýaşlaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmeli» diýip beren tabşyrygyndan ugur alnyp, golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat geňeşiniň wekilleri we institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahaty institutyň talyby Kuwwatgeldi Çaryýew alyp bardy.
Ýaşlar barada döwlet syýasatyna bagyşlanan maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Annamuhammet Babaýew, TDEI-niň sanly elektronika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy Merdan Orazmeredow we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýokary guramaçylykly geçirilen TMÝG-niň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň täze, rejelen görnüşiniň kabul edilendigi, sentýabrynyň 3-ine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatynda iş saparynda bolanda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyp ýaşlary bilen duşuşyp, olar bilen açyk sapagyny geçmegi hem-de ýadygärlik sowgadyny gowşurmagy, 9-njy sentýabrda bolsa sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek barada beren tabşyryklary dogrusynda buýsançly gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň uly höwes-hyjuw bilen okamagy, yhlasly zähmet çekmegi, joşgunly döretmegi, döwrebap gurmagy üçin giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýaşlaryň ýürek töründen çykýan alkyşlar belentden ýaňlandy.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň
geňeş agzasy.
SURATDA: maslahatyň geçişinden pursat.