Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy bellenilip geçildi

30.09.2022

Täze okuw ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramy bilen goşulyşyp başlanan üstümizdäki aý şanly wakalary bilen il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Şol şanly wakalaryň naýbaşysam şatlyk-şowhunly ýaňy belentden ýaňlanan Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň baýramçylygydyr. Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, bu sene biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy welaýatymyzda Mary şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda Baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä welaýat we Mary şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda galdyrylan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň Beýik Garaşsyzlygynyň uly toýunyň başlanýandygyny alyslara äşgär etdi. Bu baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynyň dolandyryjysy Myrat Ogşukow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Maksat Janmyradow, Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň ýaşaýjysy Muhammetmyrat Hojamyradow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary şanly sene bilen mähirli gutlap, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmakda ýetilýän sepgitler barada durup geçdiler.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.