Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hünär bäsleşigi

16.09.2022

Garaşsyz döwletimiziň milli ykdysadyýetinde elektroenergetika pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Bu öňdebaryjy pudagyň önümçilik kuwwaty kämil tehnologiýalaryň hasabyna ýylsaýyn ýokarlandyrylýar. Pudagyň işine ökde hünärmenleriň sany artyp, olaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak meselesine hemişe uly üns berilýär.

Golaýda şu maksat bilen Mary DES-inde döwlet derejesinde hünär bäsleşigi geçirildi. “Hünäri boýunça ökde” atly bäsleşik birnäçe günläp dowam etdi. Oňa pudagyň elektrik stansiýalarynyň we önümçilik birleşikleriniň toparlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady elektrotehniki hünärmenleriň hünär taýýarlyklarynyň derejelerini kesgitlemekden, öňdebaryjy iş tejribelerini alyşmakdan, önümçilikde işleri oýlanyşykly hem-de howpsuz ýerine ýetirmegi wagyz etmekden, şonuň ýaly-da, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmakdan we işgärleriň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Şu bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda gazturbinaly elektrik stansiýalaryň hünärmenleriň arasynda tejribe boýunça geçirilen çäre-de peýdaly boldy.

Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşige gatnaşýan toparlaryň jogaplaryna ýokary talaba laýyklykda baha bermek üçin eminler topary döredildi. Bäsleşige gatnaşýan toparlaryň hünärmenleri özlerine berlen ýazmaça sowallara ýazmaça jogap bermek görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň beren ýazmaça jogaplary esasynda-da ýeňijileri kesgitlediler.

— Elektroenergetika pudagymyz boýunça hünär bäsleşiginiň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle çäräniň talaba laýyk geçirilmegi elektrik stansiýalarymyzda we olaryň düzüm birleşiklerinde zähmet çekýän işgärlerimiziň hünär taýýarlyklarynyň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaklaryna oňyn täsirini ýetiýär. Bu bolsa möhüm pudagymyzda işleriň ilerlemeginde, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, öňdebaryjy iş tejribelerini alyşmaga itergi berýär. “Hünäri boýunça ökde” bäsleşigimiz guramaçylykly geçip, bu babatda yhlas-tagallalarymyz ýerine düşdi — diýip, Türkmenistanyň energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň başlygy Jumanazar Garajaýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Türkmenistanyň energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklary geňeşiniň guramagynda geçirilen “Hünäri boýunça ökde” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Emin agzalarynyň gelen kararlaryna laýyklykda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň hünärmenleriniň arasynda bäsleşikde Balkan döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri 1-nji orna mynasyp boldular. 2-nji orny Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň, 3-nji orny bolsa Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri eýelemegi başardylar. Bug turbinaly elektrik stansiýalary boýunça Mary DES-iniň hünärmenleri ýeňiji boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu çäräniň öňdebaryjy pudakda işleriň has-da ilerlemegine itergi berjekdigi şübhesizdir.

B. MERGENOW.
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.