Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bagym bar — bossanym bar

16.09.2022

Azat Aýdogdyýew 1998-nji ýylda Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynda kakasy Sapar Aýdogdyýewiň maslahaty bilen bagbançylyk kärine başlady.

— Oglum, Azat, ynha, şu ýerleri kärendesine aldyk. 2 gektara üzüm, 4 gektara alma, 3 gektara hem giçki garaly nahallaryny oturtmaly. Ertirki gün ilatymyza gerek boljak datly miweleri ýetişdireris — diýip, ýaşuly bagban ogly Azada aýtdy. “Yhlasa — myrat” diýleni boldy. Azadyň azaby ýerine düşdi. Ol 3-4 ýyldan soň garalynyň, üzümiň, almanyň bol hasylyny ýetişdirdi. 2021-nji ýylda obanyň kärendeçi bagbanlary Sandykgaçy geňeşliginiň çäginde döredilen “Süýji toprak” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önüm öndürijileri bolup işe başladylar.

— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de azyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda bimöçber aladalanýar. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimizde önüm öndürijileriň 409-sy bar. Olar öňde goýlan sepgide ýetmek üçin yhlasly işleýärler. Halal zähmetleri bilen baýamaklary ugrunda edilýän tagallalardan ruhlanyp zähmet çekýän bagbanlarymyz öndürýän miwe önümleri bilen bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge öz saldamly goşantlaryny goşýarlar — diýip, “Süýji toprak” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş agronomy Akmuhammet Batyrow bilen söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Kärendeçi Azat Aýdogdyýewiň üzümçilik hem-de garaly hasyly ýetişen bereketli bagynda işçiler Nurgözel Hudaýberdiýewa, Aýnabat Jumamyradowa we beýlekiler yhlasly işleýärler.

Galina RAHIMOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Azat Aýdogdyýew işçiler Nurgözel Hudaýberdiýewa, Aýnabat Jumamyradowa bilen üzüm hasylyny synlaýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.