“Ak altyn” — 2022
16.09.2022
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişilenine kän wagt geçenok. Özleriniň tutanýerli zähmeti bilen “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdiren işine ezber pagtaçy kärendeçilerimiziň ümzükleri öňe. Olar her bir zähmet gününi ýeňişlere besleýärler.
Golaýda, biziň döredijilik toparymyz, TAP-nyň Mary etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gaýgysyz Magtymow bilen, etrabyň “Täze oba” daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda iş saparynda boldy. “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýilişi ýaly, biz hem iş saparynyň dowamynda özümizde galan täsirler barada şu çaklaňja makalamyzyň üsti bilen okyjylarymyza gürrüň bermekçi.
“Täze oba” daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary 775 gektar meýdanda gymmatly çig mal bolan pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar güýz paslynyň “jüýje sanaşylýan” günlerinde ýetişdirilen pagta hasylyny yrýasyz, çalt depginlerde ýygyp almak we Watan harmanyna mynasyp goşant etmek üçin gujurly zähmet çekýärler. Daýhan birleşigi boýunça 154 pagtaçy kärendeçi bolup, olar üç topara bölünip, özara bäsleşip işleýärler. Biz daýhan birleşiginiň başlygy Döwlet Baýramow bilen kärendeçi ýigit Röwşen Jumaýewiň 4 gektar ekin ýerinde gabatlaşdyk.
— Tüweleme, biziň daýhan birleşigimizde işine ussat, ökde kärendeçileriň onlarçasy bar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň eýesi, kärendeçi Röwşen Jumaýew hem köplere görelde bolup, daýhançylykda obadaşlaryna özüni aldyran ýigit — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Döwlet Baýramow bizi kärendeçi bilen tanyşdyrdy.
Pagta meýdanynda işler gyzgalaňly häsiýete eýe. Ýüwrük elli ýygymçylaryň ýygan pagtalary gyzgyny bilen tirkegli traktorlara ýüklenilip, pagta arassalaýjy kärhanalara ugradylýar. Ýokary hil derejesi bilen kabul edilýän ak pagtadan ak daga bäs edýän bereketli pagta harmanlary döreýär.
“Täze oba” daýhan birleşiginiň edermen babadaýhanlary ekin meýdanlarynda pagtadan daşary 850 gektar meýdanda galla ekişini üstünlikli alyp barýarlar. Şeýle-de, 115 gektarda süýjülik ekin bolan gant şugundyrynyň ideg işlerini ýokary derejede geçirýärler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: pagta meýdanynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.