Sport syýasatynyň gadamlary
09.09.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmekde uly işler ýola goýulýar. Muňa gurlan we gurulýan sport mekdepleridir binalary, olaryň sport enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy doly şaýatlyk edýär. Bu bolsa ýaşlaryň sagdyn bedenli, kämil türgenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.
Ýurdumyzda hereket edýän sport mekdepleridir desgalary ýaşlaryň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Ähli amatly şertler döredilen bu sport toplumlarynda sporta höwesek ýaş türgenler yzygiderli türgenleşik işlerini geçýärler. Ondan başga-da, ussat tälimçiler her bir tälim berýän türgenleriniň saýlan ugurlary boýunça ezber, ökde türgenler bolmagy ugrunda aladalanýarlar. Türkmengala etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary hem sportuň dürli görnüşi boýunça tälim bermekde yhlasly zähmet çekýärler.
Magtymguly atamyzyň: “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun” diýip aýdyşy ýaly, bu sport mekdebiniň şepagat dogany Hojaberdi Gullyýew hem tälimçilerdir türgenleriň saglyk ýagdaýlaryny ýygy- -ýygydan barlap durýar. Ondan başga-da, ýetginjek türgenleriň ösüş aýratynlygynam gözegçilikde saklaýar.
— Biziň maksadymyz ýaş türgenleriň berk bedenli, sagdyn ösüp, ýeňişli menzillerde uly üstünliklere eýe bolmaklaryny gazanmakdyr — diýip, sport mekdebiniň şepagat dogany Hojaberdi Gullyýew gürrüň berdi.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: sport mekdebiniň şepagat dogany Hojaberdi Gullyýew türgenler bilen iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.