Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gurultaýdan soňky oýlanmalar

09.09.2022

Hawa, her bir ynsanyň ömründe ýatdan çykmajak pursatlar köp bolýar. Olaryň her biriniň lezzetini duýmak örän uly bagt. Arzuw, niýet edip, olara ýetmek bolsa ynsanyň ömrüni uzaldýar. Çünki, arzuwyň wysal bolan pursaty ynsan özüni bagtly saýyp, ýüzünde şatlyk ýylgyryşlary peýda bolýar. Ýylgyryş bolsa, ynsan ömrüne ömür goşýar. Şeýle bagtly günleriň şaýady bolmak bagty maňa-da ençeme gezek nesip etdi. Heniz ýaşlygyma garamazdan, şu günki güne çenli ömrümde ýatdan çykmajak pursatlary bir çemen edip bogaýmaly boldy. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşmak bagtynyň nesip edenligidir.

Berkarar Watanymyzyň ösüşli ýollara rowana bolýandygyny, munda bolsa ýaşlaryň aýratyn ähmiýete eýedigini gurultaýa gatnaşyp, taryhy çykyşlary diňlemek bilen doly göz ýetirdik. Hakykatdan-da, ýaş nesillerimiziň bilimden paýly, ylymdan serpaýly bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyz barha rowaçlyklara beslenýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Şol sanda, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn ýokarlanýar. Ýaş nesillerimiziň bolelin durmuşda ýaşap, bilim almagy, yhlasly, halal zähmet çekmegi üçin ençeme ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, döwrebap edara jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň aýdyň aýnasy bolan ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk edip, wepaly ogullar, gyzlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän taýsyz tagallalardyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belledi. Arkadagly Serdarymyz beýle diýmek bilen, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň aň-düşünjeli, arassa ahlakly, döwrebap kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilmelidigini, ýaşlaryň bolsa eziz Diýarymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagy, uly ösüşlere eýe bolmagy üçin yhlasly zähmet çekmelidigini, okamalydygyny ündäp, biz — ýaşlara uly ynam bildirýändigini äşgär etdi. Bu babatynda Arkadagly Serdarymyz Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeleri we maksatlary goýdy. Beýik işleriň dowamat-dowam bolmalydygyny, alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmelidigini nygtap geçdi.

Arkadagly Serdarymyzyň: “Siz bagtyýar döwürde ýaşaýarsyňyz. Siziň sagdyn ösüp, bilim almagyňyz üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Siz okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelisiňiz!” diýip, gurultaýda eden taryhy çykyşynda aýdyp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle ganat beriji jümleleri biz — ýaşlaryň hünärimize bolan höwesimizi artdyryp, zähmete bolan söýgimizi güýçlendirdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň barşynda hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň hem-de ýaşlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Bu taryhy senede ýaşlaryň bähbidini ara alýan şeýle kanunyň kabul edilmegi biz — ýaşlary has-da buýsandyrdy. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen gurultaýda gol çekilen kanunyň esasynda ýaşlaryň has-da bagtyýar hem bolelin durmuşda ýaşamagy, okamagy, döretmegi, ylym, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin taýsyz tagallalaryň ediljekdigi şübhesizdir.

Biz — ýaşlar “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýip, ýaş nesillere uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanymyzyň abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşarys. Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan ugur alyp, işimizde jan aýaman zähmet çekip, Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň pugtalanmagy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesiniň arşa göterilmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Goý, ýurdumyzy baky bagtyýarlyga, belent sepgitlere sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjy.
SURATDA: gurultaýdan pursat.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.