Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Terbiýeçilik ähmiýetli maslahat

09.09.2022

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirýän «Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap» atly maslahaty möhüm meseleleri öz içine alýar. Bu maslahat golaýda welaýatymyzyň Oguzhan etrabynyň medeniýet merkezinde hem-de welaýat kitaphanasynda ýokary derejede we işjeň ýagdaýda geçirildi. Oňa TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, TKA-nyň Milli merkeziniň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, welaýat, şäher, etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, geňeş agzalary, edara-kärhanalaryň, medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we il sylagly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa, TZB-niň Merkezi Geňeşiniň başlygy, TKA-nyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň müdiri Rüstem Salamatow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň enjamlara tehniki taýdan hyzmat edýän hünärmeni Hajarbibi Handurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silabow, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň hukuk maslahatçysy Nurbike Amanowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany, TZB-niň Merkezi Geňeşiniň agzasy Gülälek Orazowa çykyş etdiler. Çykyşlarda maşgala mukaddesliginiň gymmaty, nika bozulmalary, ene süýdüniň, kyrkçiläniň, hüwdiniň ähmiýeti, gözellik salonlarynyň adam saglygyna ýetirýän zyýany, türkmeniň däp-dessurlary, milli geýinmek medeniýeti, gender deňligi, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ahlak terbiýesi we başga-da birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli meseleler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çykyş edenler bikanun hereket edenleriň birnäçesini mysal getirip, gözellik salonlaryndan wideoýazgylary görkezmek bilen, adam saglygyna zyýan ýetirýän salonçylara çäre görüljekdigini, şular ýaly bikanun hereketlere ýol berilmeli däldigini aýtdylar. Şu meseleler dogrusynda il arasynda, esasanam, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilmelidigini bellediler. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy Güljahan Çarykulyýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa we ýaşuly nesliň wekilleri hem täsirli çykyş etdiler.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: maslahatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.