Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi

09.09.2022

Murgap jülgesiniň işeňňir, zähmetsöýer pagtaçylary Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen 165 müň gektarda bereketli pagta hasylyny ýetişdirdiler. Daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletlerde ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna ýokary hil derejesinde tabşyrmak örän jogapkärli wezipe. Bu bolsa möhüm çäräniň guramaçylykly geçirilmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 2-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde üstümizdäki ýylda edermen pagtaçylarymyzyň ösdürilip ýetişdirilen, milli baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap, uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdyklaryna, olaryň belent sepgitleri eýelejekdiklerine berk ynanýandygyny aýtdy.

Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin, hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyna “Bismilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda pagta ýygymyna girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, obasenagat toplumlarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahaty welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Ol welaýatymyzyň tutanýerli kärendeçileriniň 165 müň gektar meýdanda bereketli gowaça hasylyny ýetişdirendigini aýtdy. Ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmäge hemmetaraplaýyn taýýarlykly gelnendigini nygtady.

Welaýat häkimi öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň bol hasyl ýetişdirmekde pagtaçy kärendeçilere ýeňillikler, hemaýat-goldawlar bermegi, döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döredýändigi, şeýle-de pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdy.

Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Begenç Meredow, Oguzhan etrabynyň “Günhan” daýhan birleşiginiň başlygy Goçmyrat Akmyradow, Mary etrabynyň “Täze oba” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Röwşen Jumaýew, TAP-nyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow çykyş etdiler.

Pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi. Pagtaçylaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli şertler döredilýär. Tehnikalaryň — pagta ýygyjy kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi üçin hemme mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Şu we beýleki wezipeler dogrusynda maslahatda çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözler aýtdylar.

Pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanyp, Baýramaly etrabynyň Höwesli geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Merdem kuwwat” hususy kärhanasynyň ak gara beslenen gowaça meýdanynda toý dabarasy boldy. Bu ýere ýygnanan toý märekesi atyzyň gyrasynda hatara düzülen tehnikalara, dürli görnüşli sergilere uly buýsanç bilen syn etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym--sazlarydyr tanslary bu toýuň dabarasyny ýetirdi.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Il sylagly ýaşulular düýn, çarşenbe güni, döwletli işiň başyny başladylar. Olar ýagşy umyt-arzuwlar, doga-dilegler edip, “Bismilla!” bilen ilkinji ak hanalary sogrup, pagta ýygmaga başladylar.

“Harmanyňyza bereket!”, “Ýylyňyz bereketli, rysgally bolsun!” diýen dilegler buýsançly ýaňlandy.
Harmanyňyza bereket, mähriban adamlar!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanan dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.