Pasyl çalşygy: kadalary berk berjaý ediň!
01.09.2022
Ýylyň pasyl çalşygynda bedeniň berk bolmagy üçin her bir adam şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Arassa, açyk howada gezelenç etmek peýdalydyr. Pasla görä geýinmelidigine biperwaý garamaly däl. Daşary çykylanda burun boşlugyna «Oksolin» melhemini çalmaly.
Wagtal-wagtal öý we iş otaglarynyň penjirelerini açyp, howasyny çalşyp duruň! Üzärlik tütedip, otagyň howasyny tämizläň!
Nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan gelnende, elleri akar suwuň aşagynda sabyn bilen gowy ýuwmaly. Mümkin boldugyça, elleri gözlere, burna we agza degirmeli däl.
Agyz-burun örtügini kesgitlenen ýerlerde dogry dakynmaly. Bir gezeklik agyz-burun örtügini her 2 sagatdan çalyşmaly. Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi saklamaly, bu, esasan-da, ýiti respirator keselleriň alamatlary bar bolan adamlar babatda has möhümdir. Üsgürilende we asgyrylanda, agzyňy, burnuňy elýaglyk bilen ýapmaly. Ulanylan bir gezeklik elýaglyklary ýörite niýetlenen gaplara taşlamaly.
Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy ulanmaly. Kadaly iýmitlenmeli, witaminlere we fitonsidlere baý gök we miwe önümlerini iýmeli, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýyny we gök çaýy içmeli. Milli tagamymyz bolan unaşy, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, her hepde içmeli.
Işjeň hereketde bolmaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Dogry gün tertibine laýyklykda, uky bilen işjeňligiň, iýmitlenmek bilen gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.